TOPH: Hindistan gazyň kesgitli nyrhyna garşy

Gazgeçirijä geçen ýylyň dekabrynda Mary şäherinde badalga berildi

Hindistan TOPH gazgeçirijisinden akdyryljak türkmen gazy üçin uzak möhletleýin kesgitlenen nyrh ýa-da belli bir formula boýunça baha tölemegi göz öňünde tutmaýandygyny aýan etdi.

Nýu-Deli muny ozal Katar bilen arada hereket eden şertnama bilen bagly “ajy tejribe” hökmünde häsiýetlendiren ýagdaýy bilen düşündirdi. Hindi tarapy, agzalýan şertnama tä 25 ýyldan soň täzeden gözden geçirilýänçä, Katara gazyň dünýä bazaryndaky nyrhyndan has köp pul töläp gelendigini aýtdy.

“Tebigy gazyň bazary çalt depginler bilen üýtgeýär. Onuň öňümizdäki ýyllarda nähili özgerjekdigini hiç kim aýdyp bilmeýär. Şonuň üçin 20 ýyl üçin belli bir nyrhy ýa-da formulany kesgitlemegiň hiç hili manysy ýok” diýip, “The Times of India” neşiri Hindistanyň nebit pudagynyň resmisiniň sözlerini getirdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, uzynlygy 1814 km bolmaly Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisinden ýylda 33 m3 türkmen gazyny akdyrmak planlaşdyrylýar.

1990-njy ýyllaryň başlaryndan bäri gürrüňi edilip gelinýän bu gazgeçirijä geçen ýylyň dekabrynda Mary şäherinde badalga berildi. Umumy bahasy 10 milliard dollara durjakdygy çaklanylýan bu gazgeçirijiniň çykdajylarynyň 85% töweregini öz üstüne alyp, Türkmenistan onuň 2018-nji ýyla çenli doly gurlup gutaryljakdygyny yglan etdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň geçen hepde Pakistana eden saparynyň çäklerinde hem proýekte agza bolan iki ýurduň liderleri TOPH-a ygrarly bolup galýandyklaryny ýene bir gezek tekrarladylar.

Emma gazgeçirijiniň 735 km-i Owganystanyň, şol sanda ýurduň howpsuzlyk ýagdaýlarynyň dartgynly sebitleriniň üstünden geçýändigi sebäpli, onuň dogrudanam durmuşa geçirilip bilinjekdigine degişli şübheli garaýyşlar hem bildirilýär.

TOPH proýektini “Türkmengaz” döwlet konserni, ”Owgan gaz korporasiýasy”, Pakistanyň “Inter State Gas Systems (Private) Limited, Hindistanyň “GAIL (India) Limited” kärhanalary tarapyndan esaslandyrylan “TAPI Ltd” konsorsiumy durmuşa geçirýär.

Şol bir wagtda-da bu proýekt esasynda Owganystana, Pakistana we Hindistana akdyryljak türkmen gazynyň bahasynyň nähili şertlerde ödeljekdigi barada köpçülige hiç hili maglumat elýeterli edilmeýär.