Prezident çaý hakynda kitap ýazdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirip, çaý hakynda täze kitap ýazandygyny habar berdi.

Döwlet baştutany mejlisiň dowamynda ýetip gelýän Nowruz baýramy (21-22-nji martda bellenilýär) we onuň ähmiýeti hakynda durup geçip, bu baýramyň Nowruz ýaýlasynda we ähli welaýatlarda giňden belleniljekdigini aýtdy.

Prezident mejlise gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen Türkmenistanyň halkyny Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz baýramy bilen gutlady.

Berdimuhamedow gutlagynyň soňunda bu gezekki Nowruz baýramyna özüniň sowgatly gelendigini, ýagny täze kitabyny ýazyp gutarandygyny aýtdy.

Türkmen telewideniýesi prezidentiň täze kitabynyň Ministrler kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisine gatnaşyjylara sowgat berlendigini habar berýär.

Türkmen resmileri bu habary ör turup, el çarpyp garşyladylar we täze kitaby ýüzlerine sylyp, maňlaýlaryna degirmek bilen kabul etdiler.

Mundan ozal, türkmen telewideniýesi prezident Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna Halkara aýallar güni mynasybetli gowşurylan 40 manadyň hem ýüze sylyp kabul edilendigini görkezipdi.

Türkmen lideri öz täze kitabynyň «Çaý - melhem hem ylham» diýlip atlandyrylandygyny aýtdy, emma onuň žanry, mazmuny, näçe wagt maglumat toplanyp, haçan ýazylyp başlanandygy hakynda habar bermedi.

Bu türkmen lideriniň şu ýylyň başyndan bäri çap edilen ikinji kitabydyr. Ol ýanwar aýynyň aýagynda geçiren hökümet maslahatynda öz egindeşlerine halk nakyllary we atalar sözleri esasynda döredilen «Paýhas çeşmesi» atly kitabyny sowgat beripdi.

Şonda ol kitabyň dürli çeşmelerden toplanan halk pähimleri esasynda, birnäçe ýylyň zähmeti netijesinde ýazylandygy aýdylypdy.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti bolanyndan soň bir topar kitap çykartdy, şondan ozal onuň ýazyjylyk ukyby barada hiç zat bilinmeýärdi.

Ol ilki Türkmenistanyň derman ösümlikleri, ahal-teke atlary, türkmen halylary barada kitap ýazdy. Soň onuň «Döwlet guşy» romany çap edildi. Türkmen edebiýatçylarynyň biriniň bu kitap hakynda öwgüli kitap ýazandygy aýdylýar.

Mundan öň türkmen lideriniň käbir kitaplarynyň birbada üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde çapdan çykandygy hem habar berlipdi.

Döwlet eýeçilgindäki türkmen mediasy Berdimuhamedowyň eserleriniň dünýäniň başga dillerine hem terjime edilýändigini habar berýär.

Ýazyjylykdan başga, prezident Berdimuhamedow aýdym-saz sungatynda hem öz güýjüni synaýar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelmezinden öň Türkmenistanda "şa şahyr" atlandyrylan Saparmyrat Nyýazowyň, öňki prezidentiň kitaplary köp çykýardy we daşary ýurt dillerine terjime edilýärdi.

Emma indi ozal dükanlarda we kitaphanalarda S.Nyýazowyň kitaplarynyň dolduran kitap tekjelerini täze prezidentiň kitaplarynyň eýeleýändigi habar berilýär.