"Müşgüli ýok ýitirmegi öwrenmäň"

Elizabet Bişop

Amerikan edebiýatçylary mart aýyny Aýallaryň taryhy aýy hasaplaýarlar we bu aýda täsirli, iş bitiren aýallaryň ömür ýollaryny we galdyran miraslaryny ýatlaýarlar.

Hususan-da bu aýda amerikan şygyrýetine täze bir öwüşgin beren zenan şahyrlar, şol sanda Anne Bradstreet, Phillis Wheatley, Emily Dickinson, Gertrude Stein, Sylvia Plath, Gwendolyn Brooks, Lucille Clifton, Adrienne Rich we Kari Edwards ýatlanylýar.

Mart aýynda hatyrasy tutulýan şahyrlaryň ýene biri bolsa Elizabet Bişop (1911–1979), Larry Rohter ýaly tankytçylaryň köpüsi ony ýigriminji asyryň iň möhüm şahyrlarynyň hatarynda goýýar.

Edebiýatçy Robert Lowell bolsa bir makalasynda şeýle diýýär: "Elizabet Bişop meniň iň gadyr goýýan häzirki zaman şahyrym... Bişopyň goşgularynyň ählisinde ajaýyp bir dolulyk bar. Men başga aýatda diri şahyrlaryň hiçisinde ondaky ýaly görgür göz bardyr diýip oýlanmaýaryn. Ol göz zatlary görýär we onuň arkasyndaky aň olary ýatda saklaýar."

Azatlyk radiosy Aýallaryň taryhy aýynda amerikan poeziýasynyň görnükli wekilleriniň biri Elizabet Bişopyň "Bir sungat" atly goşgusynyň terjimesini öz okyjylaryna hödürleýär.


Bir sungat

Müşgüli ýok ýitirmegi öwrenmäň,
ýitesi gelýän zat kän ýaly çenden,
olaryň ýitmegi şumluk däl örän,

Ýitir her gün nämedir bir zat. Gynanma
ýiten açarlara, ýiten wagtyňa.
Müşgüli ýok bu sungaty öwrenmäň.

Ezberle soň has kän, tiz ýitirmegi:
ýerleri, atlary, baryp görmeli
menzilleriň ýitir, hiç biri bulaň
betbagtlyk getirmez ýere girmeli.

Men ejemiň sagadyny ýitirdim.
Ýene soňky ýa-da iň soňka ýakyn
üç öýüm-öwzarym gitdi eý gören.
Müşgüli ýok ýitirmegi öwrenmäň.

Men iki şäheri ýitirdim gözel.
Iki derýam bilen towlanyp akýan
ýitirdim bir kontinenti görsene.
Men olary küýseýän, emma ölemok ine.

Hatda seni ýitirip (şelaýyn sesiň, halan
gylyklarym biläni), ýalan sözläp nädeýin,
bu bir delil, ýitirmäni öwrenmek
müşgül däl beýle bela, görünse-de şeýleräk,
(ýaz ony!) diýip emgek.