IKEA türkmen pagtasyny almakda ‘protest edilýär’

"IKEA" dükanynyň daşy.

Şwesiýanyň “TT News” atly habar agentligi “Pagta kampaniýasy Türkmenistandan pagta satyn alýan “IKEA” kompaniýasyny protest edýär” diýen sözbaşy bilen makala çap etdi.

16-njy fewralda çap edilen makalada “IKEA tarapyndan satylýan ýorgan we ýassyk daşlar Türkmenistanda öndürilýär, bu ýurt öz raýatlaryna edýän berk gözegçiligi sebäpli Demirgazyk Koreýa bilen deňeşdirilýär” diýlip ýazylýar.

“IKEA-ny” ýorgan we ýassyk daşlar bilen üpjün edýän Türkmenistan öz önümlerini “Malou we Nyponros” diýen atlar bilen tutuş dünýä satýar diýip, şwed metbugaty “Pagta kampaniýasyna” salgylanyp, habar berýär.

“Pagta kampaniýasy” diýen şygar astynda işleýän toparlaryň düzümine Türkmenistandaky we Özbegistandaky mejbury zähmetiň garşysyna protest geçirýän - adam hukuklaryny goraýan guramalar, söwda birleşikleri, derňewçiler we beýlekiler girýärler.

“Daýhanlar mejbur edilýär”

Bu guramanyň koordinatory Matýuw M.Fişer-Deliniň (Matthew M.Fischer-Daly) şwed metbugatyna aýtmagyna görä, Türkmenistanda ýetişdirilýän pagtanyň ählisi mejbury zähmet esasynda öndürilýär.

“Türkmenistandaky daýhanlaryň ählisi ýyllyk kesgitlenen möçberdäki pagtany öndürmäge mejbur edilýär. Muny ýerine ýetirmedik kärendeçiler öz ýerini ýitirmek töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar” diýip, guramanyň koordinatory şwed habar agentligine beren maglumatynda belleýär.

“IKEA” dünýäniň dürli ýurtlaryna mebel önümlerini, öý goşlaryny satýan uly kompaniýadyr. 1943-nji ýylda Şwesiýada düýbi tutulan bu kärhana 2008-nji ýylda dünýäniň mebel satýan iň uly kompaniýasy boldy.

“Söwdanyň möçberi, göwrümi”

“Biz Türkmenistanda mejbury zähmet bilen baglanyşykly pagta senagatynda bar bolan meseleleri bilýäris. Şol sebäpli biz ýurduň pagta meýdanlaryna we önümçiligine gözegçiligi güýçlendirip, ol ýerdäki ýagdaýy üçünji şahslaryň üsti bilen barlaýarys. Biz häzir Türkmenistanyň bir kompaniýasy bilen işleşýäris” diýip, agzalýan kompaniýa şwed metbugatyna beren maglumatynda belleýär.

Şol bir wagtda makalanyň awtory Ola Westerberg Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde “IKEA-nyň” häzir Türkmenistanyň haýsy kompaniýasyndan pagta satyn alýandygy, onuň bilen näçe wagtdan bäri işleşýändigi barada anyk maglumat bermekden saklanandygyny aýdýar.

“Biziň bilşimize görä, IKEA Türkmenistandan ýorgan we ýassyk daşlary satyn alýar. Emma biz bu söwdanyň möçberi, göwrümi barada anyk maglumatlary bilmeýäris. IKEA bu soraga jogap bermekden ýüz öwürdi. Emma biz IKEA-nyň ägirt uly kompaniýadygyny we onuň öý goşlarynyň dünýäniň ençeme ýurtlarynda satylýandygyny bilýäris” diýip, Westerberg gürrüň berýär.

“IKEA-nyň” öz-özüňi alyp baryş koduna, içki düzgünlerine laýyklykda, ony pagta bilen üpjün edýän tarap “çaga zähmetinden peýdalanmaly däl, zähmetde diskriminasiýa ýol bermeli däl, işgärlerine ykrar edilen iň pes aýlyk hakyndan pes hak tölemeli däl we artykmaç işlän sagatlary üçin hak tölemeli, şeýle-de, işgärler üçin sagdyn we howpsuz daşky gurşawy döretmeli”.

“Pagta kampaniýasynyň” koordinatory Matýuw M.Fişer-Deli şwed metbugatyna beren maglumatynda “türkmen hökümetiniň pagta pudagyna edýän berk gözegçiligi we ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýy pagta pudagyndaky zähmete täsirli gözegçilik etmegiň öňüni alýar” diýdi. Adamlar bu mesele baradaky problemalar hakda habar berseler, özleriniň tussag edilmeginden gorkýarlar we bu barada gürlemekden çekinýärler diýip Fişer-Deli belleýär.