Aşgabatda daşary ýurtlardan haryt getirýän käbir telekeçileriň öz bank hasaplaryndaky manady daşary ýurt walýutasyna konwertasiýa, ýagny öwürmekde käbir bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy habar berilýär.
Maglumata görä, mundan ozal Aşgabadyň döwlet eýeçiligindäki banklary söwdagärleriň daşary ýurt kompaniýalaryna geçirjek puluny manatda alyp, soňra ony daşary ýurt walýutasyna çalyşýardy we ony degişli daşary ýurt kompaniýasyna ugradýardy.
Emma häzirki wagtda şu tejribäniň käbir söwdgärler üçin ýatyrylandygy aýdylýar. Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar