Garaşsyzlygyň 'ilkinji sözlükleri' çykýar

Sowet döwründe çykarylan sözlükler

Türkmenistanda onlarça ýyla çeken arakesmeden soň, garaşsyzlyk ýyllarynyň ikinji sözlükleri - «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» we «Türkmen diliniň orfografik sözlügi» çapa taýýarlandy.

Bu barada Aşgabatda anna güni geçirilen hökümet maslahatynda aýdyldy.

Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew mejlisde öz gözegçilik edýän pudagyndaky işler, hususan-da «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügini» we «Türkmen diliniň orfografik sözlügini» çapa taýýarlamak boýunça edilen işler barada hasabat berdi diýip, resmi habarda aýdylýar.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, täze taýýarlanan düşündirişli sözlüge 50 müň töweregi söz, täze adalga girizilipdir. Täze orfografik sözlüge bolsa, elipbiý tertibinde, 110 müň töweregi sözlem agzasy, atlar, sypatlar, işlikler girizilipdir.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» soňky gezek 1962-nji ýylda, 10 müň nusgada çap edilipdi. «Türkmen diliniň orfografik sözlügi» bolsa, 1963-nji ýylda, Türkmenistan SSR-niň döredilmeginiň 40 ýyllygyna bagyşlanyp, 5200 nusgada çap edilipdi. Orfografik sözlüge şonda 80 müň sözüň alnandygy habar berilýär.

Maglumat üçin aýdylsa, 1986-njy ýylda Moskwda iki tom görnüşinde çap edilen "Uly rusça-türkmençe sözlüge" 77 müň sözüň alnandygy aýdylýar. Bu sözlük 65 müň nusgada çap edilipdi.

Garaşsyzlyk ýyllaryndaky 'sözlük meselesi'

Garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda türkmen dilçi alymlarynyň düşündirişli sözlügiň has kämilleşdirilen neşirini çapa taýýarlandygy, ol sözlügiň şol wagtky prezident S.Nyýazowa tanyşmak üçin berlendigi hakynda resmi taýdan tassyklanmadyk we inkär edilmedik habarlar eşidildi. Emma täze sözlük çapdan çykarylmady.

Emma muňa garamazdan, türkmen ýaşlary, hökümetden tapawutlylykda, Ajapsozluk.com, Enedilim.com, Terjime.com ýaly sözlük websaýtlaryny döredip, bu meselede dörän boşlugy belli derejede doldurmaga öz goşantlaryny goşdular.

2006-njy ýylyň dekabrynda S.Nyazow aradan çykyp, Türkmenistanda hökümet çalşanyndan soň hem täze sözlügiň çap ediljegi barada habarlar çykdy, emma munuň yzy gelmedi.

Ýöne sözlük gürrüňleri galmady we geçen ýyl, has anygy 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedowyň sözlükleri çapa taýýarlamak we köp möçberde çap etmek barada ýörite tabşyryk berendigi aýdyldy.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow diliň sözlük goruny öwrenmegiň, sözlükleri düzmegiň ähmiýetini nygtap, «sözlükler halkyň milli medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar» diýipdir.

Şeýle-de ol bu sözlükleriň "garaşsyzlyk ýyllarynda taýýarlanan ilkinji sözlükler bolup durýandygyny" belläp, ony taýýarlamaga gatnaşan alymlaryň we ylmy işgärleriň ählisine minnetdarlyk bildiripdir.

Emma resmi habarda täze sözlükleriň haçan we näçe möçberde dükanlara çykjakdygy, olary taýýarlan alymlaryň atlary aýdylmaýar.

Şol bir wagtda türkmen prezidenti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda täze sözlükleriň tanyşdyryş dabaralaryny geçirmegi hem-de olary her bir edarada işleýän adamlar, ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlary, studentler we okuwçylar ulanyp biler ýaly, ýeterlik möçberde neşir etmegi tabşyrdy diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Amanmyrat Bugaýew ýaly ýerli synçylar türkmen metbugatynda türkmen diliniň meseleleri, dil biliminiň gözbaşynda duran alymlar barada kän gürrüň gozgalmaýandygyny aýdýarlar.

Mysal üçin, geçen ýylyň 20-nji dekabrynda meşhur türkmen dilçisi, onlarça sözlügiň we okuw kitabynyň awtory Maşşan Hamzaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy ýurt möçberinde däl-de, diňe Gyzyletrekde, ady dakylan mekdepde bellendi.