Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dilçi alyma bagyşlanan goşgy


Türkmen neşirleri
Türkmen neşirleri

Türkmen edebi diliniň kada-kanunlarynyň işlenip düzülmeginde we şu günki derejesine ýetmeginde uly iş bitiren dilçi alymlaryň arasynda Muhammet Geldiýewiň ady uly hormat bilen tutulýar.

Ol Türkmenistanda 1926-njy ýylda döredilen we 1931-nji ýyla çenli dowam eden Ýazyjylar üýşmeleňiniň hem başlygy bolupdyr.

Emma alym 1931-nji ýylda, 41 ýaşynda gümürtik ýagdaýda aradan çykypdyr. Döwürdeşleri muny şol döwürde Muhammet Geldiýewe abanan repressiýa howpy bilen baglanyşdyrýarlar.

Şu günler Türkmen diliniň II lingiwistik gurultaýynyň geçirilenine 60 ýyl bolýar.

Publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şu sene mynasybetli ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň Muhammet Geldiýewe bagyşlap ýazan we 1931-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda onuň ýas mitinginde okan, soňra metbugatda çap etdiren goşgusyny Azatlyk radiosyna iberdi.

Biz bu goşgyny okyjylarmyza ýetirmegi makul bildik.

Berdi KERBABAÝEW

Muhammet Geldiýewe

Dili kada salyp duran, eý dilçi,
Aramyzdan çykdyň, neneň dillenmen?
Dil derdiniň dermanydyň, eý tebip,
Elimden aldyrdym, niçik dillenmen?

Türkmen dilin kada salyp başlan sen,
Dil ugrunda on-on bäş ýyl işlän sen.

Dil sapagyn ele alyp dynuwsyz,
Deşik, dilik ýerin çatyp, ýörmediň.
Göz kütelip, güýç-kuwwatyň gaçsa-da,
Janygyp işlediň, asla armadyň.

Bilsem-de men mundane ozal gadryňy,
Dilim dişläp, awynamsoň bilýärin.
Türkmenistan ülkesiniň dilçisi,
Hemişelik seni ýada salýaryn.

Dil tamynyň düýbün tutduň, eý ussat,
Şägirtleriň hökman bitir ol tamy.
Dört ýanyndan ganatlaryn galdyryp,
Dil düzseler, galmaz onuň bir kemi.

Şuralar ilinde ösdükçe ylym,
Ussadyny ýada saljakdyr dilim.

Goşgynyň alnan çeşmesi: H.Muhyýew, S.Kürenow, “Türkmen
dilçileri”, “Magaryf ”, Aşgabat, 1988, 36-njy sahypa.

XS
SM
MD
LG