Kyrkam ýaşamadyk 257 ýaşly şahyr

Robert Börns (25-nji ýanwar, 1759 – 21-nji iýul, 1796), şotland şahyry.

Şotland halky, her ýyl bolşy ýaly, bu ýylyň 25-nji ýanwarynda hem öz dünýä belli beýik şahyry Robert Börnsiň (1759-1796) doglan gününi belledi, has anygy öz taýsyz milli şahyrynyň 257 ýaşynyň toýuny toýlady.

Robert Börns (Burns) öz zamanasyndan, döwründen has öňe giden intellektual hasaplanylýar we ol heniz 1792-nji ýyldaky Fransuz rewolýusiýasyndan hem öň aýallaryň hukuklary hakynda ýazypdyr.

Iňlis ýazyjysy Andrew O'Hagan ony Baýrondan Bethowene çenli hemmeleri ruhlandyran halk şahyry atlandyrýar.

Öňki sowet ýurtlarynda 1917-nji ýyldaky Bolşewik rewolýusiýasyndan soň sosializme mahsus täze edebiýat, täze medeniýet döredilende, Robert Börnsiň ýönekeý adamlara, halka ýakyn goşgulary rus diline hem terjime edildi, emma ol türkmen dilinde okaýan okyjylara umuman mälim bolman galdy.

Börns ýönekeý adamam islendik patyşa ýa-da şa ýaly hormatlanyp biler diýýän eken. Onuň döredijiliginiň içinden diňe adama däl, ähli janly-jandara rehimdarlyk duýgusy eriş-argaç bolup geçýär. Has anygy, Börns syçany we mör-möjekleri Walt Disneýden has ozal ebedileşdiren döredijidir.

Meşhur amerikan aýdymçysy we ozany Bob Dilän (Bob Dylan) özüniň iň beýik ylham, döredijilik çeşmesi soralanda, Robert Börnsiň adyny tutupdyr.

Robert Börnsiň tanymal janköýerlerinin ýene biri bolsa, meşhur amerikan syýasatçysy Abraham Linkoln bolupdyr, ol onuň goşgularyny ýatdan okamagy, gaýtalamagy gowy görer eken.

Käbir pikirlere görä, Linkolnyň amerikan gullaryny azat etmegine beýik şotland şahyrynyň ynsanyýet deňligi hakyndaky ajaýyp goşgularynyň öz täsirini ýetiren bolmagy mümkin.

Robert Börns üç dilde, şotland, iňlis we şotland-iňlis dialektinde goşgy ýazyp, öz halkynyň iň söýgüli şahyrlarynyň birine öwrülipdir we Bobbi Börns, Rabbi Börns, Şotlandiýanyň söwer ogly, Azalçy şahyr, Taňryberen azalçy diýen atlar bilen giňden tanalypdyr. Gysgaça aýdylanda bolsa ol Bard, Şotlandiýanyň başga milli şahyry bolup biljek ýok ýaly, Şahyr diýlip tanalypdyr.

Azatlyk radiosy şotland halkynyň beýik milli şahyrynyň doglan gününe gabatlap, onuň «Syçana» atly goşgusynyň iňlisçeden türkmençä terjimesini okyjylaryna hödürleýär. Bu goşgyny şahyr ýer sürülýän meýdanda, eline paza alyp, azalyň astynda weýran bolan hininden çykyp gaçan syçany kowalaýan esgeri göreninden soň ýazypdyr.

Syçana

Eý, kiçijik bedibagt gemriji,

neden ýürek ýarjak bolýar gursagyň?

Sen menden gaçmasaň bolmazmy beýdip,

kürsäp urup mekgejöwen harmanna,

men yzyňdan kowman ahyr hiç haçan,

taýak alyp, öldürmesem armanda.

Men adamyň agalygna gynanýan,

weýran eden tebigatyň birligin,

hem öz egsikligin aklaýan mydam,

bu seni gorkuzýar menden,

ýerde doglan özüň ýaly,

hemem ýerde bile öljek bendeden.

Gümanym ýok, käte çilmeli bolýaň,

Çilseň çilipsiň-dä, ýaşamal-a sen?

Bar almytyň mekgejöwen ýeke baş,

näm boljakmyş ýygnalmanda, bolmanda,

men seň bilen paýlaşaryn ýylgallam,

bu sözümi hergiz yzyna alman.

Seniň garyp külbäň, hiniň bozuldy,

aldajy ýel diwarlaryn çekeläp,

a täzesin gurmaga

ne güýjüň, gurbatyň bar,

hemem uzak alaýaz,

a dekabr ýakymsyz,

sowuk ýelin küşgürýär,

diýýän ýaly bu-da az.

Gördüň meýdanlary çyplak hem çola,

argyn gyşyň gelşin alakjap, urnup,

hin gazynyp ýer astyndan rahat,

pikir etdiň aman-esen galaryn,

ýumurýança kinniwanja tünegiň

ýerini sürýän daýhan,

gödeňsi azal bilen,

eklenç üçin edip jan.

Seniň saman-sypal düşelen hiniň,

gör, nähili azap berdi gazaňda.

Indi haýsy bela bela diýmeýäň,

dyndyň tünek görgüsinden,

gyşyň aňzak ýelini,

gar-ýagmyryn daşarlarda güýmeýän.

Emma syçan, sen ýeke däl, ýalňyz däl,

çaklamalar bolup biler biderek,

ülňüleri meňzeş bolsa-da kileň

syçan bilen ynsanyň,

ýollary aýry gider,

hemem bize gamdan başga zat goýmaz,

günümize gatyp heder.

Herhal, sen ýalkanan maňa garanda!

Sebäp seni diňe şu hal gynaýar,

emma men yzyma garasam hökman

bolan-geçenlerden bolýaryn tukat,

öňe baksam, görmesem-de geljegi,

gorkuly pikirler edýär bitakat.