Amerikan jemgyýetçiligi her ýanwaryň üçünji duşenbesinde Martin Luther King gününi bellýär. Ýaşap ýörenliginde, ol 15-nji ýanwarda 87 ýaşynyň toýuny toýlamalydy (15.01.1929 – 4.04.1968).
Martin Luther King özüniň hristian ynançlary esasynda, zorluksyz raýat tabyn bolmazlyk hereketlerini ulanyp, graždan hukuklaryny ilerletmekde oýnan roly bilen tanymal boldy. Ol 1964-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda zorluksyz jynsy deňsizligiň garşysyna alyp baran göreşi üçin Nobel parahatçylyk baýragyna mynasyp boldy. Şondan dört ýyl soň, 1968-nji ýylyň 4-nji aprelinde bolsa, Washingtonda Garyp adamlaryň kampaniýanyny geçirmegi planlaşdyrýan wagtynda janyna kast edilip öldürildi.
King ýogalandan soň Prezidentiň Azatlyk medaly bilen, Kongresiň Altyn medaly bilen sylaglandy, onuň ady ýüzlerçe köçä, meýdançalara dakyldy.
Sowet mekdeplerinde çagalara Martin Luther King we onuň işi barada gysgaça-da bolsa maglumat berlerdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen mekdeplerinde daşary ýurtlardaky hukuk göreşi, bu göreşiň wekilleri barada kän maglumat berilmeýär. Azatlyk radiosy şu ýagdaýy nazara alyp, meşhur hukukçy aktiwist Martin Luther Kingiň köp ýatlanylýan pikirleriniň, sitata alynýan sözleriniň käbiriniň terjimesini öz okyjylaryna ýetirmegi makul bildi.
***
Garaňkylyk tümlügi ýok etmeýär: muny diňe ýagtylyk başarýar. Ýigrenç ýigrenji ýok etmeýär: munuň hötdesinden diňe söýgi gelýär.
Men söýgide saklanmagy karar etdim... Ýigrenç çekip-çydardan has agyr ýük.
Ynam hatda tutuş basgançagy görüp bilmeýän wagtyňda hem ilkinji ädimi ätmekdir.
Ahyrynda biz öz duşmanlarymyzyň aýdan sözlerini däl, öz dostlarymyzyň seslerini çykarman, ümsüm durşuny ýatlarys.
Eger sen uçup bilmeýän bolsaň, onda ylga, eger ylgap bilmeýän bolsaň, onda ýöre, eger ýöräp bilmeseň, onda emedekle. Ýagny öňe ümzük atmagy dowam etdirmek üçin eliňden gelenini et.
Hiç kime özüňi ony ýigrener ýaly aşak düşürtme.
Sen ýyldyzlary diňe garaňkylykda görüp bilersiň.
Adama ahyrky baha onuň rahatlyk we oňaýlylyk pursatlarynda duran ýerine garap däl, eýsem kynçylyk we gapma-garşylyk mahallarynda duran ýerine seredip berilýär.
Her bir adam beýik bolup biler... sebäbi hemme adam hyzmat edip biler. Hyzmat etmek üçin seniň ýokary bilimiň bolmagy hökman däl. Hyzmat üçin sen eýe bilen habaryňy hem ylalaşdyrmaly däl. Munuň üçin diňe mähirden doly ýürek gerek. Söýgiden gözbaş alýan göwün gerek.
Bagyşlap bilmek tötänleýin hereket däldir, ol mydamalyk gylykdyr.
Islendik ýerdäki adalatsyzlyk ähli ýerdäki adalata wehimdir.
Eger adam köçe süpüriji diýlip atlandyrylan bolsa, ol köçäni Mikalanjelonyň surat çekişi ýaly, Bethoweniň saz döredişi ýaly, Şekspiriň goşgy ýazyşy ýaly gowy süpürmelidir. Ol köçäni şeýle gowy süpürmelidir we gögüň we ýeriň ähli hojaýynlary säginip, "Şu ýerde bir beýik köçe süpüriji ýaşady, ol öz işiniň hiç kemini goýmady" diýer ýaly etmelidir.
Biz doganlar ýaly bile ýaşamaly ýa-da akmaklar ýaly bile paýhynlanmaly.