Türkmen hukuklary gözgynylygyna galýar

«Hökümet adamlary Berdimuhamedowyň gatnaşýan çärelerine gatnaşmak üçin sagatlap toplanyp durmaga mejbur edýärr» diýip, hasabatda aýdylýar.

Türkmenistanyň elhenç adam hukuklary ýagdaýy 2015-nji ýylda ýaramazlaşdy, bu ýurt adatdan daşary repressiw we garaşsyz derňew üçin ýapyklygyna galýar diýip, Hýuman Raýts Wotç guramasynyň täze hasabatynyň Türkmenistan bölüminiň başynda aýdylýar.

Hasabat «Şahsyýet kulty», «Raýat jemgyýeti», «Metbugat we maglumat azatlygy», «Hereket azatlygy», «Din azatlygy», «Syýasy tussaglar, mejbury ýitirimlik, adam gynamasy» diýen ýaly bölümlere bölünip, bu ugurlarda ýyllarboýy dowam edip gelýändigi aýdylýan esasy tendensiýalara baha berilýär.

Mysal üçin, türkmen hökümetiniň metbugat we din azatlyklaryna ýowuz çäklendirme girizýändigi we maglumat elýeterliligine doly kontrollyk edýändigi aýdylýar.

Häkimiýetler dürli toparlaryň we adamlaryň, bosgunlykdaky dissidentleriň garyndaşlarynyň, şol sanda daşary ýurtlarda okaýan studentleriň syýahat etmegine girizilen resmi bolmadyk, eden-etdilikli gadaganlygy saklap galýar.

HRW guramasynyň täze hasabatynda nygtalmagyna görä, türkmen hökümeti tussag etmegi, daşary ýurtlara syýahat gadaganlygyny syýasy öç almagyň guraly hökmünde ulanmagyny dowam etdirýär.

Hasabatda Türkmenistanyň adam hukuklary meselesindäki çemeleşmesinde göze ilen täzelik, ýagny Aşgabadyň Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Adam ölçegleri konferensiýasyna 12 ýylda ilkinji gezek öz delegasiýasyny iberendigi, daşary ýurt hökümetleri we halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny giňeltmegi dowam etdirendigi hem bellenip geçilýär. Emma muňa garamazdan, bu üýtgeşmeleriň adam hukuklary reformasynda uly bir özgerişlik döretmändigi aýdylýar.

Ýurtda konstitusiýany özgertmek, adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň, ombudsmanyň wezipesini döretmek planlaryna garamazdan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň kömekçileri çäksiz häkimiýetiň we Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugruna doly gözegçiligiň hözirini görýärler diýip, hasabatyň «Şahsyýet kulty» diýlip atlandyrylan bölüminde aýdylýar.

«Türkmen hökümeti adamlary Berdimuhamedowyň gatnaşýan çärelerine gatnaşmak üçin sagatlap toplanyp durmaga mejbur edýär, olara gaýtmaga ýa-da hajathana gitmäge rugsat berilmeýär» diýip, hasabatda aýdylýar we muňa delil edilip, Aşgabatda gurlan stadionyň açylyş dabarasynda bolandygy aýdylýan waka ýatlanylýar.

Düýbi Wenada ýerleşýän Adam hukuklary toparynyň – «Türkmen inisiatiwasynyň» maglumatyna görä, 5-nji awgustda, prezidentiň gatnaşmagynda açyljak stadion dabarasynda adamlar 41 gradus yssyda ýedi sagat garaşdyrylýar we üç adam heläk bolýar.

Hasabatyň «Raýat jemgyýeti» bölüminde ýurt içinde garaşsyz guramalaryň işlemeginiň adatdan daşary ýagdaýda kynlaşdyrylandygy aýdylsa, «Metbugat we maglumat azatlygy» bölüminde ýurtda metbugat erkinliginiň düýpden ýokdugy bellenilýär.

«Häkimiýetler ýurtda türkmen dilinde ýeke-täk alternatiw habar çeşmesi bolan Azatlyk radiosyny, Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugyny gaýta-gaýta nyşana aldylar» diýmek bilen, hasabat garaşsyz žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewe ýyl kesilişini mysal getirýär.

Şeýle-de hasabatda Türkmenistanyň 2015-nji ýylda Azatlyk radiosynyň ýene üç habarçysyny işini togtatmaga mejbur edendigi aýdylýar.

Hasabatyň «Hereket azatlygy» bölüminde häkimiýetleriň tanymal atşynas Geldi Kärizowyň ýurtdan çykmagyna ahyry rugsat berendigi, emma bosgunlykda ýaşaýan ozalky syýasatçynyň gyzy Aýjemal Rejebowanyň öz iki çagasy bilen ömürlik syýahat gadaganlygyna sezewar edilişi we beýlekiler baradaky maglumat berilýär.

Hasabatyň «Syýasy tussaglara, mejbury ýitirimlige we adam gynalmasyna» bagyşlanan bölüminde, syýasy matlaply aýyplamalar esasynda türmä basylana meňzeýän onlarça adamyň türmedäki ykbaly barada olaryň maşgala agzalaryna hiç bir maglumatyň berilmändigi bellenilýär.

2008-nji ýylda, Norwegiýadan dolanyp gelende tussag edilen syýasy dissident Gulgeldi Annanyýazow bolsa henizem türmede we oňa ýüklenen aýyplamalardan hatda maşgalasy hem habarsyz diýip, HRW guramasynyň 2015-nji ýyl boýunça ýyllyk hasabatynyň Türkmenistan bölüminde aýdylýar.