Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy 28-nji sentýabrda Nýu Ýorkda öz işine başlaýan BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşjak döwletler türkmen prezidentini öz raýatlarynyň hukuklaryny berjaý etmäge çagyrmaly diýip, 23-nji sentýabrda ýaýradan beýannamasynda nygtaýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň kesgitlenen resmi gün tertibine görä, maslahata gatnaşjak G. Berdimuhamedow birinji gün öýlän çykyş eder.
ABŞ-a barýan dünýä liderleriniň arasynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem bolmagy näme sebäpden ünsi çekýär, sebäbi bu kimdir biriniň durmuşyny özgerdip biljek, belki-de köp adamyň durmuşyny üýtgedip biljek seýrek bir mümkinçilikdir diýip, Human Rights Watch guramasy öz beýannamasynda ýazýar we şeýle dowam etdirýär: ”Türkmenistan öňki sowet respublikalarynyň arasynda iň az tanalýanlarynyň biri. Ol dünýäniň iň uly gaz gorlarynyň birine gözegçilik edýän, emma iň ýapyk, repressiw we üzňe ýurtlaryň biridir. Hökümet hiç bir garşylyga çydam etmeýär. Bu ýerde azat media, garaşsyz toparlar ýok. Hökümet adamlaryň garaşsyz informasiýa bilen soňky arabaglanyşygyny, satellit çanak antennalary zor bilen aýyrýar”.
Hökümet 1990-njy ýyllaryň aýagyndan bäri tussag edilen ençeme jemgyýetçilik şahsyýetleriniň olaryň maşgalalary bilen ähli kontaktlaryny kesip gelýär. Hat alyşmak, görüşmek we tussaglaryň yzyndan zat ugratmak mümkinçiligi ýok. Maşgalalar öz hossarlarynyň nirededigini, olaryň diridigini ýa ölendigini bilmeýärler diýip HRW belleýär.
Guramanyň beýannamasynda türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň hereket azatlygynyň depelemegine ünsi çekýär. Hökümet daşary ýurtlardaky dissidentleriň ýa-da loýal däl hasaplanýan adamlaryň maşgala agzalarynyň ýurduň daşyna gitmeginiň öňüni böwetleýär. Halkara çykyşlarynyň netijesinde türkmen häkimiýetleriniň atşynas Geldi Kärizowyň medisina bejergisini almak üçin ýurtdan çykmagyna rugsat berilmegi tapawutly waka boldy. Kärizow galp aýyplamalaryň esasynda bäş ýyl çemesi ömrüni türmede geçirdi. Hökümetiň onuň daşary ýurda gitmegine rugsat bermegi ýyllara çekdi. Başda ret edip, bir hepdeden soňra Kärizowyň gyzyna-da ýurduň daşyna gitmäge rugsat berildi diýip, adam hukuklaryny goraýan guramanyň beýannamasynda aýdylýar.
Tanymal türkmen atşynasy Geldi Kärizow Türkmenistandan gaýtmak boýunça ençeme şowsuz synanyşyklaryndan soň 14-nji sentýabrda Orsýete aşdy. 20-nji sentýabrda onuň 14 ýaşly gyzy Sofiýa we daýzasy Ýelena Serebrýannik hem Moskwa bardylar.
HRW guramasy 23-nji sentýabrda ýaýradan beýannamasynda ýurduň daşynda ýaşaýan dissident Pirimguly Taňrygulyýewyň 14 ýyllap öz gyzyny görüp bilmeýändigini belleýär.
Iýul aýynda Taňrygulyýewiň gyzy 3 we 11 ýaşly öz gyzlary bilen ýurduň daşyna syýahat etmäge synanyşanda, häkimiýetler olaryň ýurtdan çykmagynyň ömürlik gadagandygyny aýtdylar.
Kärizow ýurtdan goýberilenden soň türkmen hökümeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýyllyk konferensiýasyna ençeme ýylyň dowamynda ilkinji gezek öz resmi toparyny iberdi diýip, HRW guramasy soňra şeýle dowam etdirýär: belki-de, ýurt öz ykdysadyýetiniň kynçylyk çekýändigi sebäpli ABŞ-a we ÝB täsir ýetirjek bolýandyr. ABŞ-nyň Owganystandan öz goşunlaryny çykarmagy, bu ýurt bilen uzynlygy 774 kilometrlik serhede eýe bolan Türkmenistanyň hökümetini howpsuzlyk taýdan örän uly alada goýýar, diýip Human Rights Watch belleýär.
Düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýan gurama dünýä resmileriniň, G.Berdimuhamedow bilen duşuşanlarynda ony ýitirim bolanlaryň maşgalalaryna öz hossarlaryny görmäge we ýalňyş tussag edilenleri boşatmaga ündemelidigini, şeýle-de, oňa satellit atnennalary ýok etmegi bes etmelidigini we adamlaryň, şol sanda Taňrygulyýewiň gyzynyň hem agtyklarynyň ýurduň daşyna syýahat etmek hukugyny eden-etdilikli ret etmeginiň soňuna çykmalydygyny aýtmalydygyny belleýär.