Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Gorky syýasaty hukugy çäklendirýär


Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” (HRW) guramasynyň belgisi
Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” (HRW) guramasynyň belgisi

Terrorçylyk, konfliktler we köpçülikleýin migrasiýa bilen bagly gorkularyň güýçlenmegi dünýäniň ençeme böleklerinde adam hukuklarynyň ýagdaýynyň has agyrlaşmagyna getirdi, diýip adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” (HRW) guramasy aýdýar.

“Terrorçylykly hüjümler we köpçülikleýin bosgunçylyk Günbatar hökümetlerini adam hukuklaryny goldamakda yza serpikdirdi” diýip HRW gurmasynyň ýerine ýetiriji müdiri Kenneth Roth guramanyň 2016-njy ýyl boýunça hasabatynda aýtdy.

27-nji ýanwarda çap bolan 650 sahypalyk hasabatda dünýäniň 90 ýurdunda adam hukuklarynyň ýagdaýyna baha berilýär.

“Eger biz 2015-nji ýyla yzymyza seretsek, göze ilýän esasy ýagdaýy “gorky syýasaty” diýip atlandyryp bileris, diýip HRW guramasynyň Ýewropa boýunça media müdiri Andrew Stroehlein aýtdy.

XS
SM
MD
LG