“Dükanlar heniz hem ýapyklygyna galýar”

Aşgabatda çilim söwdasy bilen baglanyşykly ýapylandygy aýdylýan dükanlaryň biri.

Aşgabatda temmäki önümleriniň, hususanda çilim söwdasy bilen baglanyşykly ýapylandygy aýdylýan dükanlaryň gapylary heniz hem möhürli bolmagyna saklanyp galýar. Bu dükanlaryň gapylaryna basylan möhürde bellenilmegine görä, olar 7-nji ýanwarda ýapylypdyr.

Ýatladyp geçsek, geçen hepdäniň başyndan bäri Aşgabadyň dükanlarynda çilim we temmäki önümleri satylmaýar.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Dükanlar heniz hem ýapyklygyna galýar”