Biziňkä bap gelmeýän pikirler

Haruki Murakami

12-nji ýanwarda meşhur ýapon ýazyjysy Haruki Murakami 67 ýaşady. Eserleri iňlis dilinde we dünýä halklarynyň beýleki bir topar dilinde höwes bilen okalýan ýazyjynyň kitaplaryndan toplanyp, sosial ulgamlarda çap edilen jaýdar pikir-jümleleriň käbirini türkmençä geçirip, Azatlygyň okyjylaryna ýetirmegi makul tapdyk.

***

Men ozallar adamlar ýyl-ýyldan, ýuwaşlyk bilen ulalýar, kemala gelýär diýip pikir ederdim... Beýle däl eken. Adam birden ulalýar.

Dünýäde ýalňyş pikir bolmaýar. Biziňki bilen gabat gelmeýän, bir ýere sygyşmaýan pikirler bolýar. Bolany şol.

Adam näçe uzak ýaşadygyça, onuň durmuşyndaky düzedip bolmajak zatlar hem şonça köpelýär.

Bir-biregi gujaklap, biz öz gorky-howatyrmyzy paýlaşýarys.

Eger her kim soňunyň gowy gutarjagyna ynansa, dünýäde gorkup oturasy zat bolmazdy.

Duýgularyňy daşyňa çykaryp durmaly. Muny bes etmek erbet. Sebäbi olar çykarylmasa, içde toplanyp, gatamak bilen bolýar. Soň bolsa ölýärler.

Men ýalňyzlygy gowy göremok. Ýöne artykmaç tanyşlyk açmaýaryn. Sebäbi adamlardan ýene bir gezek göwnümiň geçmegini islämok.

Bir-birege dürs bolmak we kömek etmek islemek iň esasy zat.

Islendik boşluk hökman bir zatlar bilen doldurylýar.

Adama umyt berlen we ol ony mundan aňryk hem ýaşamagy dowam etdirmek üçin ýangyç edinip ulanýar. Umyt bolmasa, hiç bir «aňry süýşme» mümkin däl.

Haruki Murakami azeri dilinde

Biziň ähli reallygymyz hakykatda bolan zat bilen biziň ýatlamak islemeýän zatlarymyzyň arasyndaky soňsuz darkaşdan ybaratdyr.

Hakyda adamy içden ýyladýar. Şol bir wagtda-da ol ony çar-para edýär.

Haçanda deňze uzak seretseň, adamlary küýsäp, ýüregiň gysyp başlaýar. Haçanda adamlara uzak seretseň, deňzi küýseýärsiň.

Uzakdan seretseň, her bir zadyň owadan görünmegi mümkin.

Dünýädäki iň möhüm zatlar köplenç iň bir ownuk zatdan başlanýar.

Ýokary tizlik bilen ýalňyş ugra gitmek hiç bir ýere gitmezlikden has erbet.

Haçanda seniň ýalňyzlyk pikirleriňi bölüşere adamyň bolmasa, pikirler seni öz aralarynda bölüşmäge başlaýarlar.

Eger hemme zat seniň isleýşiň ýaly bolsa, ýaşaýyş gyzyksyz bolar.