Orsýet türkmen gazyny almajagyny duýdurdy

Orsýetiň "Gazprom" kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller, 26-njy iýun, 2015

Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy türkmen gazyny satyn almagy bes edýändigini mälim etdi diýip, “Türkmengaz” döwlet konserni 4-nji ýanwarda habar berdi.

Resmi maglumata görä, “Türkmengazyň” partnýorlarynyň biri “Gazprom eksport” türkmen tarapyna, 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap, türkmen gazyny satyn almagyny duruzýandygyny habar beripdir.

“Bu kararyň düýp-teýkarynda halkara gaz bazarynda ýagdaýyň üýtgemegi, şeýle-de “Gazprom eksportda” dörän aýratyn ykdysady we maliýe meseleler ýatyr” diýlip, “Türkmengaz” kompaniýasynyň resmi websaýtynda çap bolan maglumatda aýdylýar.

Şol bir wagtda-da türkmen gaz kompaniýasy, “Gazprom eksportyň” karary barada habar berip, metbugat üçin çap eden maglumatynda özüniň bu kärhana bilen “iki ykdysady subýektiň arasyndaky hojalyk aragatnaşyklaryna degişli giň gerimli meseleler boýunça gepleşikleri geçirmäge” taýýardygyny beýan edýär.

Şeýle-de “Türkmengazyň” beýannamasynda Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ösüşiniň häzirki wagtda düýpden täze, innowasion häsiýete eýe bolýandygy bellenilýär we şu günki gün türkmen gazynyň diňe önümçiligi we eksporty barada gürrüň gitmän, gazy gaýtadan işleýji senagatyň, gaz-himiýa senagatynyň we gaz-transport infrastrukturasynyň ösüşine üns berilýändigi aýdylýar. Resmi maglumatda türkmen kärhanalarynyň gazy eksport etmek ugrunda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirýändikleri barada hem bellenilýär.

'Gazprom' özbek gazyny saýlady

“Gazprom eksportuň” Türkmenistandan gaz satyn almagyny bes edendigi habar berlen gününiň özünde Orsýetiň Özbegistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrandygy yglan edildi.

4-nji ýanwarda “Gazpromuň” ýolbaşçysy Alekseý Miller özbek gazynyň satyn alynmagynyň 1-nji ýanwardan artdyrylandygyny mälim etdi, emma gazyň möçberine degişli sanlary agzamady. Habar berlişine görä, bu ylalaşyga dekabr aýynda gelnipdir.

Şol bir wagtda-da Orsýetiň soňky ýyllarda Özbegistandan satyn alan gazynyň möçberine degişli orsýet mediasynda berlen käbir sanlardan çen tutsaň, onda 2013-nji ýylda “Gazprom” Özbegistandan dört milliard kubometr gaz satyn alypdyr, 2015-nji ýyl üçin kesgitlenen planda bir milliard kubometr görkezilipdir.

Türkmen-rus gaz gatnaşyklary

Türkmenistanyň we Orsýetiň arasyndaky gaz söwdasy 2003-nji ýylda baglaşylan ylalaşygyň esasynda amala aşyrylýar. Ýurtlaryň 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýan bu ylalaşykda Türkmenistandan Orsýete “Orta Aziýa-Merkez” we “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijileri arkaly ýylda 80 milliard kubometre çenli gaz akdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň we Orsýetiň arasyndaky bu ylalaşyk 2003-nji ýylda baglaşylaly bäri “Gazpromuň” “Türkmengazdan” satyn alýan gazynyň möçberi ýylda 42 milliard kubometrden 4 milliarda çenli azaldyldy.

“Gazprom” 2014-nji ýylyň aýagynda 2015-nji ýylda Türkmenistandan satyn alýan gazyny 11 milliard kubometrden 4 milliarda çenli azaltjakdygyny mälim edipdi.

2015-nji iýylyň iýun aýynda Türkmenistan “Gazpromuň” alýan gazynyň tölegini tölemäge ukypsyzdygyny aýdyp, orsýet tarapynyň ýylyň başyndan bäri akdyrylan gaz üçin tölemeli hakyny doly tölemän gelýändigini dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetiripdi.

Munuň yzýany “Gazprom” “Türkmengazyň” üstünden şikaýat edip, Stokgolmyň halkara dawalaryna seredýän suduna ýüz tutup, gazyň bahasyna gaýtadan seredilmegini talap edipdi. Ýurtlaryň 2010-njy ýylda baglaşan özara ylalaşygynda gazyň her müň kubometriniň bahasy 240 dollar diýlip görkezilipdi.