CPJ: Žurnalistleri tussag etmeler dowam edýär

Saparmämmet Nepesgulyýew.

Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) 15-nji dekabrda özüniň ýyllyk hasabatyny çap etdi. Bu hasabatda 2015-nji ýylyň dowamynda özüniň habarçylyk işi bilen baglylykda tussag edilen žurnalistleriň sanynyň ep-esli derejede pese gaçandygy, emma dünýäniň sanlyja döwletiniň tankydy sem etmek üçin sistematik tussag etmeleri ulanmagy dowam etdirendigi aýdylýar.

Metbugat azatlygyny gorap çykyş edýän halkara toparyň täze raportynda şu ýylyň dowamynda dünýäde özüniň habarçylyk işi bilen bagly 199 žurnalistiň tussag edilendigi aýan edilýär. Bu görkeziji geçen ýyl 221 adama deňdi.

2015-nji ýylda dünýäniň žurnalistleri tussag eden ýurtlarynyň hataryna iki sany täze döwletiň ady goşuldy. Olaryň biri Türkmenistan we beýlekisi Birleşen Arap Emirlikleridir diýlip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän toparyň hasabatynda bellenilýär. 2014-nji ýylda bu ýurtlarda žurnalistler tussag edilmändi, emma bu ýyl agzalan ýurtlaryň hersinde bir žurnalist tussag edildi.

Saparmämmet Nepesgulyýew

Hasabatda şu ýylyň iýul aýynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edilen Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ýagdaýyna hem üns çekilýär.

Azatlyk Radiosynyň we Ruslan Mätiýewiň ýöredýän ”Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiriniň habarçysy Nepesgulyýew öz makalalary üçin maglumat ýygnaýan mahaly şu ýylyň iýul aýynyň 7-ne Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda ýitirim boldy. Iýul aýynyň ahyrynda Nepesgulyýewiň maşgalasy onuň öz ýanynda “neşe maddaly derman göterdi” diýen aýyplama bilen tussag edilendigini bilip galýarlar.

Türkmen häkimiýetleri Nepesgulyýewiň maşgalasyna ýa-da halk köpçüligine resmi suratda ne bu habarçynyň tussag edilendigi, ne-de onuň üç ýyl türmä basylandygy barada maglumat berdiler.

Emma Human Rights Watch, Amnesty International, “Serhetsiz reportýorlar” ýaly halkara guramalar, türkmen häkimiýetlerine ýüzlenip, Nepesgulyýewi derhal boşatmaga çagyryp, ýörite beýanat ýaýratdylar.

Öňki sowet respublikalary

Hasabatda Žurnalistleri goramak boýunça komitet, şu ýylyň oktýabr aýynda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerrä ýüzlenip, ondan Aşgabada saparynyň dowamynda türkmen häkimiýetlerinden Nepesgulyýewiň tiz boşadylmagyny talap etmäge çagyrdy diýlip bellenilýär.

Metbugat azatlygyny gorap çykyş edýän halkara toparyň raportynda 2015-nji ýylyň dowamynda öňki sowet respublikalary Özbegistanda dört, Orsýetde bir we Gyrgyzystanda-da bir žurnalistiň tussag edilendigi aýdylýar. Žurnalistleri türmä basmakda bu ýyl Azerbaýjanyň öňki sowet respublikalarynyň arasynda has öňe saýlanýar. Raportda Azerbaýjan 2015-nji ýylda sekiz žurnalisti, şol sanda derňeýji žurnalist Hatyja Ysmaýylowany türmä basandygy nygtalýar.

Şeýle-de, hasabatda azeri prezidenti Ylham Aliýewiň hökümetiniň ýurtda başgaça pikirlenýänlere garşy edýän basyşlarynyň halkara reaksiýalaryň döremegine getirendigi bellenilýär.

Žurnalistleri iň köp tussag edýän ýurtlar

Dünýäde “geçen ýylyň dowamynda tussag edilen žurnalistleriň sany göz-görtele pese gaçan mahaly”, Hytaý we Müsür 2015-nji ýylda žurnalistleri iň köp tussag edýän ýurtlar boldy diýlip, hasabatda maglumat berilýär.

Žurnalistleri goramak boýunça komitet garaşsyz, kommersial maksatly bolmadyk gurama bolup, ol dünýäde metbugat azatlygyny gorap çykyş edýär. Bu komitet 1981-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň habarçylarynyň bir topary tarapyndan döredildi.