Aşgabat: Dollar ‘dowly’ bilen ilteşikli dört adam tutuldy

Aşgabat: Dollar ‘dowuly’ bilen ilteşikli dört adam tutuldy

Türkmenistanyň Döwlet Täjirçilik bankynyň orta we kiçi derejeli wezipedäki iki işgäri hem-de iki sany aýal adam ýurtda türkmen manadynyň hümmeti dollara bolan gatnaşykda üýtgejek diýen gürrüňler bilen bagly soňky döwürde il içinde dörän gürrüňlere ilteşigi bar diýlip, tussag edildiler. Bu barada Türkmenistanyň döwlet telekanalynyň maglumatynda habar berilýär.

Bu waka bilen bagly döwlet eýeçiligindäki “Altyn asyr“ telekanalynyň 7-nji noýabrda görkezilen “Watan" habarlar gepleşiginde jemi dört adam görkezilýär, olar efirde öz-özlerini ýazgaryp çykyş edýärler, etdi diýilýän jenaýatlary boýun alyp, oňa ökünýändiklerini aýdýarlar.

Özüniň Türkmenistanyň Döwlet Täjirçilik bankynyň Balkanabat şäher şahamçasynyň dolandyryjysy bolup işländigini aýdýan Osman Ilgeldiýew özüniň “ilatyň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dollarynyň bahasynyň üýtgeýänligi barada ýalan, hiç bir esassyz gürrüňleri, myş-myşlary ýaýradandygyny” aýdýar.

“Aýyplamalar”

Türkmen telewideniýesinde çykyş edenlerden ýene biri, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndan söwda-satuw işleri bilen meşgullanýandygyny aýdýan Ýazbibi Osmanowa bolup, ol “ýurduň daşyna bellenen möçberden artyk pul çykarmaga bikanun synanyşandygyny” boýun alýar.

Çykyş etdirilenleriň arasynda özüni Türkmenistanyň Döwlet Täjirçilik bankynyň Halkbank Abadan şahamçasynyň hasapçysy diýip tanadan Rüstem Täçmuhammedow, Aşgabat şäherinde söwda-satuw bilen meşgullanýandygyny aýdýan Ogulmaral Gurbanowa hem bar.

“Altyn asyr” telekanalynda görkezilen habarda diktor olaryň ählisini esassyz ýerden halk arasynda dowul döredip, bikanun ýollar bilen baýamagyň kül-külüne düşen adamlar hökmünde häsiýetlendirýär.

Nätakyklyklar

Türkmen metbugatynda jenaýat edenlikde aýyplanýan şol adamlaryň etdi diýilýän günäleriniň nähili anyklanandygy, haýsy möçberdäki puluň gürrüňiniň edilýändigi, olar bilen bagly sud işleriniň geçirilip-geçirilmändigi barada hem hiç hili maglumat berilmeýär.

Özlerini ýazgardyp çykyş etdirilen şol adamlara mundan beýläk nämäniň garaşýandygy hakda hem hiç hili jikme-jik maglumat berilmeýär.

Döwlet mediasynda görkezilen bu gepleşikde şol adamlara ýöňkelýän aýyplamalaryň esaslydygyny ýa däldigini garaşsyz çeşmeleriň kömegi bilen tassyklamak ýa-da inkär etmek başartmady.

Bu habarlar, oktýabr aýynyň ahrynda Aşgabatda, manadyň ýene hümmetsizlenjekdigi baradaky gürrüňleriň netijesinde, paýtagtyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda nobatlaryň emele gelmeginiň yzysüre ýüze çykdy.

Bu maglumatlary degişli resmilere tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmasa-da, ýurtda dollar satyn almak meselesi bilen baglanyşykly eýýäm häkimiýetler tarapyndan girizilen käbir çäklendirmeler bar. Ýagny, şu ýylyň başynda her bir türkmenistanly bir günüň dowamynda 1000 amerikan dollaryny satyn alyp bilen bolsa, häzirki wagtda her bir raýat bir aýyň dowamynda 1000 amerikan dollaryny satyn alyp bilýär.

Mundan ozal

Gepiň gerdişine görä belläp geçsek, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 6-njy noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “parahorlugyň, korrupsiýanyň, artdyryp ýazmalaryň ähli görnüşleriniň, kanuna laýyklykda, berk öňüni aljakdygymy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna ýene-de bir gezek duýdurýaryn” diýip çykyş etdi. Emma bu ugurda takyk nähili çäreleriň görüljekdigi barada anyk maglumat bermedi.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň noýabr aýynyň 13-ne ýurtda dollaryň hümmetiniň ýokarlanjakdygy bilen bagly wakalar bilen ilteşigi bar diýlip, 13 adamynyň tussag edilendigi habar berlipdi. Şol gezek hem döwlet mediasynyň beren maglumatlarynyň näderejede hakykata gabat gelýändigini, adamlara ýöňkelen aýyplamalaryň esaslydygyny ýa-da däldigini garaşsyz çeşmelere tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmandy.