Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda dollar satyn almak meselesinde käbir täze çäklendirmeleriň ýüze çykandygy habar berilýär.
Mälim bolşy ýaly, 31-nji iýulda Aşgabadyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynyň käbirlerinde ýörite buýruk asylyp, onda nagt milli pula her adama satylýan daşary ýurt pulunyň möçberi bir aýyň dowamynda bir müň ABŞ dollary möçberinde çäklendirilýär.
Maglumata görä, bu düzgüniň kabul edilenden öňki döwre hem täsirini ýetirip başlandygy habar berilýär.
Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.