ABŞ-nyň senatory Ben Karin döwlet sekretary Jon Kerriniň adyna hat ýazyp, onda Merkezi Aziýadaky “demokratiki prosesleriň ýok bolmagyna we adam hukuklarynyň ýagdaýyna” alada bildirdi.
Kerri 31-nji oktýabrda başlaýan saparynyň çäginde Gyrgyzystana, Gazagystana, Täjigistana, Türkmenistana we Özbegistana barar.
Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça Komitetiniň ýokary derejeli wekili Kardin Kerriniň edýän saparynyň dowamynda “syýasy tussaglaryň ýagdaýy we ähliumumy ykrar edilen demokratik prinsiplere ygrarlydyklary” baradaky meseleleri gozgamagyna çagyrdy.
Hatda hususanda Türkmenistanda 2008-nji ýylda 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen, ozalky jemgyýetçilik aktiwisti Gulgeldi Annanyýazowyň ýagdaýy barada hem gürrüň edilýär.
Mundan owal hem, Kerriniň Merkezi Aziýa edýän saparyna gabatlap adam hukuklaryny goraýjy toparlar, şol sanda “Human Rights Watch” guramasy, Žurnalistleri goramak boýunça Komitet hem özüniň habarçylyk işi üçin tussag edilen žurnalistleri azat etmek boýunça degişli döwletleriň hökümetlerine çagyryş edilmegini soradylar.