Düwnük keselli näsaga printerde çap edilen 3D görnüşli gapyrgalar oturdyldy
Rak, ýagny düwnük keselinden ejir çekýän bir näsaga dünýäde ilkinji gezek 3D, ýagny üç ölçegli görnüşli printerde çap edilen titan gapyrgalar oturdyldy. Awstraliýanyň ylmy we industrial barlaglar arkalaşygy özüniň “Laboratoriýa 22” atly kärhanasynyň önümi bolan 3D görnüşli titan gapyrgalarynyň öýkendäki sarkoma çişinden ejir çekýän 54 ýaşly ispaniýaly näsaga oturdylandygyny habar berdi. Bu näsagyň döş süňklerini we gapyrgalarynyň bir bölegini doly çalşyrmak zerurlygy döräpdir.
Bellenişine görä, adamyň bedeniniň döş böleginiň gurluşy örän çylşyrymly bolansoň, onuň üçin protez ýasamak örän kyn, şeýlelikde näsagy bejerýän Salamanka uniwersitetiniň keselhanasynyň lukmanlary 3D görnüşde çap edilen titan gapyrgalaryň iň amatly çykalga bolup biljekdigini kesgitläp, şol gapyrgalary Melburnda ýerleşýän medisina gurallaryny öndürýän “Anatomik” kompaniýasyna sargap ýasadypdyrlar.
“Laboratoriýa 22-ä” degişli “Anatomik” kompaniýa 3D titan döş süňküni we gapyrgalary näsagyň lukmanlar topary bilen bilelikde işleşip, ýokary mümkinçilikli KT (kompýuter tomografiýasyny) ulanyp döredipdir. ”Arkam” 3D printeriň elektron metal şöhlesini ulanyp, gatma-gat çap edilip öndürilen süňk bölekleriniň bahasy 1.3 million awstraliýa dollaryna (920 müň amerikan dollaryna) durýar.
Ispaniýada geçirilen operasiýadan 12 gün geçensoň näsagyň keselhanadan sag-aman çykarylandygy habar berildi.
Rak keselinden ejir çekýän näsaga oturdylan bu 3D, ýagny üç ölçegli çap edilen titan gapyrgalar we döş süňkleri 3D görnüşli adaty bolmadyk ösen tehnologiýa önümleriniň sanawyna goşuldy.
Mundan öň 3D görnüşli çap etme usuly bilen ökje süňki we dem alyş ýollarynyň näsaglygyndan ejir çekýän keselbentlere niýetlenen uky üçin 3D görnüşli agyz boşlugynda oturdylýan gural we şeýle-de dünýäde ilkinji 3D reaktiw dwigatel döredilipdi.