Demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk şertleri barha ýaramazlaşýar. Türkmenistan bilen serhetleşýän Badgys welaýatynyň Marçak sebitini söweşijileriň ýene gabawa alandygy habar berilýär. Bu barada Owganystanyň Milli Mejlisiniň Badgys welaýatyndan agzasy Sepiýe Aýmak Mejlisde eden çykyşynda belledi.
Azatlyk Radiosy owgan türkmenleriniň ýaşaýan Marçak etrabyndaky howpsuzlyk ýagdaýlary bilen gyzyklanyp, deputat Sepiýe Aýmak bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar