Dört ýyl öň 30 müň dollarlyk «Man Asian» edebi baýragyny utan günorta koreýaly ýazyjy Şin Kýun-suk ozal özüne bildirilen edebi ogurlyk aýyplamalaryny ret edipdi.
Emma, Angliýanyň «The Guardian» neşiriniň Günorta Koreýanyň metbugatyna salgylanyp ýazmagyna görä, BBC-niň maglumatyna görä, ol indi okyjylaryndan ötünç soraýar.
Şin ozal özüniň 1996-njy ýylda ýazan «Rowaýat» atly hekaýasynyň käbir böleklerini ýapon ýazyjysy Ýukio Mişimanyň "Watançylyk" atly eserinden alandygyny ret edipdi. Bu aýyplama oňa şahyr hem ýazyjy Li Ýeaň-jun tarapyndan bildirilipdi.
Li gürrüňi edilýän eserleriň ikisinden hem mysal getirip, bu ýagdaýy edebi ogurlygyň anyk mysaly atlandyrypdy we beýle galplygyň professional ýazyja gelişmeýän zatdygyny aýdypdy.
Şin geçen hepde öz neşirçisi arkaly beýanat ýaýradyp, özüniň Mişimanyň diňe «Altyn pawilion hramy» eserini okandygyny we öz okyjylaryny şeýle garjaşyklyga sezewar edenine gynanýandygyny aýtdy. Şonuň bilen bir hatarda, ol janköýerleriniň özüne ynanmagyny isleýändigini hem sözüne goşupdyr.
«Korea Times» gazetiniň ýazmagyna görä, Şiniň «Klubnika meýdany» atly hekaýalar ýygyndysy, «Otly 7-de ugraýar» atly romany hem edebi ogurlykda aýyplanypdyr. Emma Şin bu aýyplamalary hem ret edipdir.
Halkara derejesinde tanalýan ýazyjy indi, «Man Asia» baýragyny utan «Haýyş edýän, ejeme seret» romanyny dünýä boýunça iki milliondan gowrak okyjy satyn alanyndan soň, ozalky inkär etmelerini yzyna aldy we okyjylaryndan ötünç sorady.
Metbugat materiallarynda aýdylmagyna görä, Şin özüniň Li tarapyndan getirilýän delilleri deňeşdirip görüp, bu ýerde edebi ogurlyk aýyplamasyna ýer bardygyny boýun alypdyr.
Ýöne ýazyjy gürrüňi edilýän «Watançylyk» eserini okandygyny ýadyna salmakda kynçylyk çekýändigini, hatda indi «öz huşuna hem ynanyp bilmeýändigini» aýdypdyr. Şonuň bilen bir wagtda ol «bularyň hemmesi meniň ýalňyşym» diýipdir.
Emma, aýdylmagyna görä, Şin ýazmagyny goýmak islemeýär, sebäbi ol edebiýaty öz ömri hasaplaýar.