Aşgabadyň Çoganly daçalyklaryndaky jaýlaryň doly ýumrulandygy habar berilýär. Bu sebitde diňe tamdyrlar ýykylman galyp, belli-belli ýerlerde bolsa gum depeleri döredilipdir.
Şeýle-de, bu sebitde welaýatlardan gelen 30-40 çemesi ýük maşynyň bardygy we olaryň hem jaýlardan galan galyndylary ýygnap alýandygy habar berilýär.
Azatlyk Radiosy bu barada has giňişräk maglumat almak üçin bu sebite aýlanyp gelen ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar