1-nji iýunda türkmen häkimiýetleriniň Çoganly we Şor obalarynda ýaşaýyş jaýlary ýykmak üçin ýerli ýaşaýjylara beren wagt möhleti doldy. 13 müň çemesi hojalykly Çoganlyda we 4 müňe golaý jaýly Şorda şu gün ýagdaý nähili? Türkmenistanly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bu obalara baryp gördi we häzirki ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.