Türkmenistan garaşsyz ýurt bolanyndan soň, ýurtda dörän işsizlik, okuw meseleleri, beýleki ýagdaýlar bilen baglylykda müňlerçe türkmenistanly, hususan-da gyz-gelinler daşary ýurtlara çykmaga, daşary ýurtlarda okamaga we işlemäge mejbur boldy.
Netijede, olaryň maşgalalarynda daşary ýurtlarda, belli bir sebäplere görä, dokumentsiz çagalar peýda boldy. Bu ýagdaý bir tarapdan şol çagalar üçin problema bolsa, ikinji tarapdan olaryň ene-atalary üçin hem ullakan alada aýlandy.
«Dünýä türkmenleri» gepleşigimiziň bu gezekki sany hut şu meselä - daşary ýurtlarda, Türkmenistandan gelen migrantlaryň maşgalasynda doglan dokumentsiz çagalaryň we olaryň ene-atalarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna bagyşlandy.
Gepleşigimizi diňläp, pikir-tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar