Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Türkmen migrantlarynyň ykbaly nähili bolar?


"Gyzyklanma bildirýän türkmenistanlynyň pasporty köne bolsa, Türkiýede hiç bir resmi edara şol dokumentlere seretmez".
"Gyzyklanma bildirýän türkmenistanlynyň pasporty köne bolsa, Türkiýede hiç bir resmi edara şol dokumentlere seretmez".
Türkiýede daşary ýurtly raýatlara gönükdirilen täze bir kanun kabul edildi. Oňa görä, Türkiýedäki bikanun ýaşaýanlar degişli jerimäni töläp, dessine ýurdy terk etmeli. Şeýle-de bu kanunda şol adamlaryň haýsy ýagdaýlarda yzlaryna dolanyp biljekdiginiň tertibi hem kesgitlenýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýede köp sanly türkmenistanly bikanun zähmet migrantlarynyň hem bardygy aýdylýar. Eýsem, bu täze düzgünler olaryň durmuşyna nähili täsirini ýetirer?

Azatlyk Radiosy daşary ýurtly raýatlary hasaba almak boýunça işleýän türkiýeli aklawçy Wedat Kargy bilen ýörite söhbetdeş bolup, täze düzgünler bilen baglylykda gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosy: Ilkibaşda bu kabul edilen täze düzgünler barada umumy maglumat beräýseňiz?

Wedat Kargy: Hawa, 11-nji aprelde “Daşary ýurtlulary goramak” diýen täze bir kanun çykdy. Muňa laýyklykda, hem Howpsuzlyk müdirliginde, hem-de Iş bilen üpjünçilik minisrliginde dürli-dürli proseduralar göz öňünde tutulýar.

Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşan bir daşary ýurtly, Türkiýeden çykyp barýan mahaly, bolan ýyllaryna laýyklykda aeroportda jerime tölemeli bolar. Bu jerime bir ýyl üçin, ortaça, 800 lira töweregi bolýar.

Jerime tölenenden soň gürrüňi gidýän daşary ýurtly öz ýurduna dolanyp, ol ýerde 3 aýlap galmaly bolar. Bu düzgün Çehiýa, Özbegistan, Russiýa, Yrak, Eýran... ähli döwletlere-de degişlidir.

Mejbury hasaplanýan üç aýlyk möhletden soňra ol adam daşary ýurt syýahatçylygy, ýagny turistik wizasy bilen Türkiýä ýaňadandan girip biler.

Ozal ähli döwletler “A” we “B” toparlara bölünerdi. “B” toparynda Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girmeýän ýurtlar bolup, ozaldan bu topardaky döwletleriň raýatlary Türkiýede alty aý möhlet bilen ýaşamak ygtyýarnamasyny alyp bilýärdiler. Täze kanuna görä, häzir bu möhlet bir ýyla çenli uzaldyldy. Emma munuň bilen birlikde käbir talaplar hem güýçlendirildi: daşary ýurtly raýatyň bank hasabynda 6 müň dollaryň bardygy baradaky güwänama; 300 töweregi dollara durýan ýörite saglyk ätiýaçlandyryşy soralýar.

Gerekli resminamalar taýýar edilenden soňra, gürrüňi gidýän daşary ýurtly, Howpsuzlyk müdirligine baryp, syýahatçylyk maksatly bir ýyla çenli galmak rugsatnamasyny alyp biler.

Azatlyk Radiosy: Işlejek bolýanlaryň ýagdaýy nähili?

Wedat Kargy: Öňler işlemek ygtyýarnamasyny ýurduň içinde [Türkiýede] hem ýüz tutup, alyp bolýardy. Muňa Türkiýede ýaşamak üçin 6 aýlyk ygtyýarnama ýeterlikdi. Ýöne bizdäki bar bolan maglumatlardan çen tutulsa, bu düzgüniň ýatyrylyp, indi işlemek üçin ygtyýarnamany ýurduň daşyndakaň almak talap ediljege meňzeýär.

Indi, muňa laýyklykda, ýurduň daşyndan ygtyýarnama almakçy bolýan bir daşary ýurtly, öňünden iş ýerini tapan bolmaly. Mundan soňra şol daşary ýurtly Türkiýäniň öz ýurdundaky wekilhanasyna – konsullygyna baryp, arza bermeli bolar.

Arza kabul edilenden soňra – bu bir aý töweregi wagta çekýär – gürrüňi gidýän daşary ýurtly bir ýyllyk wiza bilen Türkiýä arkaýyn girip biler. Onuň elindäki işlemek ygtyýarnamasy, Türkiýede ýaşamak üçin rugsatnamanyň hem ornuny tutýar.

Azatlyk Radiosy: Indi Türkmenistan barada aýratynlykda gürrüň edeliň. Bilşimiz ýaly, geçen ýyldan başlap Türkmenistan täze – daşary ýurt – pasport düzgünini ýola goýdy. Şol bir wagtda, Türkiýede köne pasportly zähmet migrantlaryň hem bardygy aýdylýar. Bu barada has anygrak durup geçäýseňiz? Olaryň ykbaly nähili bolar?

Wedat Kargy: Bärde bir gürrüňini etmeli ýagdaýymyz bar. Türkmenistanda ilatyň, has dogrusy, ýaş gatlagyň azalandygy sebäpli, Türkmenistan ýörite bir syýasaty saýlap alypdyr. Söhbeti dowam etmezden ozal, men bu zatlary diňe eşidenlerime, ol ýerden [Türkmenistandan] gelenleriň gürrüňlerine esaslanyp aýdýandygymy nygtasym gelýär. Hawa, şu ýagdaýlary nazara alyp, Türkmenistan ýaşlaryň, esasan hem 20-23 ýaşlaryndakylaryň ýurtdan çykmagyny islemeýär. 35-40 ýaş aralygyndaky türkmenistanlylar üçin iş ygtyýarnamasyny almakda onçakly mesele hem çykmaýar.

Eger-de gyzyklanma bildirýän türkmenistanlynyň pasporty köne bolsa, Türkiýede hiç bir resmi edara şol dokumentlere seretmez. Ýene bir gezek nygtap geçsem, işlemek ygtyýarnamasyny almak isleýänleriň ýaşynyň uly bolmagy gerek.

Azaltyk Radiosy: “Ýaşynyň uly bolmagy zerur” diýýäňiz welin, bu zatlar kanunda ýazylanmy?

Wedat Kargy: Biziň kanunymyzda beýle zat göz öňünde tutulanok: 20 ýaşly-da, 30 ýaşly-da işläp biler. Emma meniň maglumatlarymdan çen tutulsa, Türkmenistan döwleti [ýaşlary] goýbermeýär, olaryň öňünde belli bir böwetleri goýýar.

Azatlyk Radiosy: Türkiýede köne pasportly türkmenistanlylar hem bar diýdik. Olaryň käbirleri Türkmenistana dolansalar, täzeden çykarylman biljekdiklerini aýdyp, bize öz howsalalaryny hem bildirdiler. Bu ýagdaýda köne pasportly türkmenistanlylar başga, üçünji bir ýurda çykyp, şondan soň ýaňadandan Türkiýä dolanyp bilerlermi?

Wedat Kargy: Diýeli, köne türkmen pasporty bolan bir adam bikanun galan möhleti üçin jerimesini töläp, üçünji bir ýurda gidip, ol ýerde üç aý galdy. Ol mundan soňra Türkiýä dolanyp gelse-de, hiç bir resmi edara onuň köne pasporty bilen işleşmez, täze pasport talap ediler. Şunlukda köne pasportly türkmenistanlylar ýurduna dolanyp, ol ýerde pasportyny täzeläp gelmeli bolarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkiýedäki bikanun zähmet migrantlarynyň başga bir çykalgasy ýokmy?

Wedat Kargy: Ýok, gynansak-da, başga hiç bir ýol ýok.

Azatlyk Radiosy: Eger-de bikanun migrant Türkiýede galyp işlemegini dowam etdirse, munuň nähili netijeleri bolup biler?

Wedat Kargy: Eger-de bikanun zähmet migrantynyň üsti açylaýsa, ol dessine deport ediler, we gaýdyp Türkiýä salynmaz. Migranty bikanun işleden türk raýatyna bolsa 7 müň lira töwereginde jerime tölediler.
XS
SM
MD
LG