Bilermenleriň aýtmagyna görä, Türkmenistandan dürli sebäplerden daşary ýurtlara müňlerçe adam gidýär. Olaryň bellemegine görä, türkmen raýatlarynyň esasy köpçüligi işsizlik hem güzeran kynçylygy sebäpli, daşary ýurtlara işlemegä gidýär.
Daşary ýurtlarda işleýän türkmenistanly zähmet migrantlary diýlende, ilki bilen ýada düşýän ýurtlaryň biri hem Türkiýe bolup durýar. Şonuň üçinem Türkiýäniň metbugatynda häli-şindi türkmenistanly zähmet migrantlary hakynda habarlar çykyp dur diýilýär.
Eýsem, Türkiýädäki türkmenistanly zähmet migrantlary öz dogan-garyndaşlaryndan, çagalarynda aýraçylykda işlemäge iterýän sebäp ýa-da sebäpler näme?
Azatlyk Radiosynyň "Dünýä Türkmenleri" atly gepleşiginiň nobatdaky sanynda bu tema barada Stambulda işläp ýören türkmenistanly zähmet migranty Gülnara bilen söhbetdeş boldy.