HRW: Aşgabatdan borçlar hasabatyny soramaly

"Human Rights Watch" guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysynyň orunbasary Reýçel Denber, 2015

17-nji iýunda Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen adam hukuklary boýunça dialog geçirýär. Adam hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watсh" guramasy dialogyň gün tertibinde adam hukuklary bilen bagly problemalar gozgalanda türkmen tarapynyň öz üstüne alan borçlarynyň berjaý edişini nazar astyna almaga çagyrýar. Azatlyk Radiosy HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysynyň orunbasary Reýçel Denber bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Reýçel, Aşgabatda adam hukuklary boýunça ÝB–Türkmenistan dialogy geçirilýär. Onuň gün tertibiniň nähili bolmagyny isleýärsiňiz?

Reýçel Denber: ÝB Türkmenistanyň dünýäde iň ýapyk we repressiw ýurtdugyny nazara almaly. Adam hukuklary gün tertibinde bolup, islendik gurama, aýratynam ÝB adam hukuklary bilen bagly meselä seredip, bu ugurdaky bar bolan kemçiliklere baha berende, Türkmenistanda esasy fundamental gymmatlyklaryň iş ýüzünde berjaý edilişine üns bermeli.

Olar gepleşikleriň gün tertibiniň başynda türkmen hökümetiniň mundan on ýyl ozal tussag edilenleriň maşgalalaryny we garyndaşlaryny olaryň ykbalyna degişli maglumatlar bilen tanyşdyrmagyny talap etmeli. Maşgalalaryň öz tussag hossarlary bilen hiç hili gatnaşygy ýok, hat ýazmak, yzyndan barmak, jaň etmek ýaly mümkinçilikleri ýok. Meniň pikirimçe, gepleşikleriň gün tertibindäki esasy meseleleriň biri hökmünde ”Türkmen türmelerinde ýitirim bolan adamlar nirede?” diýen sowal orta atylmaly. Bu gozgalmaly bir mesele bolup, esasy standartlar, adamçylyk nukdaýnazaryndan gün tertibinde ilkinji nobatda öňe sürülmeli. Hökümetiň tussaglykda ýitirim bolanlaryň maşgalalaryny olaryň nirededigi, saglyk ýagdaýy we olar bilen yzygiderli kontakta haçan rugsat beriljegini mälim etmegi gepleşiklerde gozgalmaly meseleleriň biri bolmaly.

Ýene bir mesele, hökümetiň žurnalistlere garşy basyşlary we gorkuzmalary ulanmagyny bes etmegi talap edilmeli. Bilşime görä, soňky gysyşlaryň biri AÝ/AR-nyň habarçysy jenap Osman Hallyýewe garşy edildi. Ol AÝ/AR bilen işleşmegini bes etdi. Bu onuň Azatlyk Radiosy bilen işleşýändigi üçin özünden we tutuş maşgalasyndan ar alynmagy bilen bagly ýeke-täk waka däl. Azatlyk Radiosynyň žurnalistleriniň öz žurnalistiki işleri üçin basyş astyna düşmegi ilkinji gezek bolýan ýagdaý däl.

Gün tertibinde bolmaly diýip pikir edýän üçünji meseläm, informasiýa azatlygyna degişli, aýratynam, häkimiýetler raýatlary hususy satellit antennalaryndan el çekmäge mejbur etmek kampaniýasyny bes etmeli. Munuň bilen häkimiýetler adamlara hökümetiň teklip edýän kabel telewideniýesini kabul etdirmäge synanyşýarlar. Olaryň satellit antennalaryny ýaşaýyş jaýlarynyň arhitekturasy bilen baglanyşdyrmagy hakyky sebäpler bolup görnenok. Adamlar, eger olar hususy satellit antennalaryndan peýdalanyp bilmeseler, ýurduň daşyndaky informasiýa dünýäsinden doly kesilýärler, sebäbi hökümetiň metbugatyň üstünden senzurasy hem Internete edýän gözegçiligi örän güýçli we şol sebäpdenem satellit antennalary maglumat almagyň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerini diňlemegiň ýeke-täk ýolydy.

Meniň pikirimçe, gün tertibinde orta atylmaly ýene bir mesele, hereket azatlygyna degişli bolmaly. Türkmenistanda köp adamlar, syýasy sürgünlikdäki adamlaryň, dissidentleriň, tussag edilenleriň garyndaşlary ýurduň daşyna syýahat edip bilmeýärler. Bu hereket azatlygynyň sowet stilindäki çäklendirmeleridir. Soňky gysyşlaryň biri Geldi Kärizowyň ýagdaýyna degişli. Ol saglygyny bejertmek üçin gyssagly ýagdaýda ýurduň daşyna çykmaly. Onuň ýurduň daşyna çykmagyna rugsat bermeklik örän gyssagly gozgalmaly mesele.

Orta atylmaly meseleleriň ýene biri adam hukuklarynyň ýagdaýynyň öwrenilmegidir. ÝB türkmen hökümetini BMG-niň ýörite hasabatçylaryny, esasanam, gynamalar boýunça ýörite

hasabatçysyny, adam hukuklaryny goraýjylaryň ýörite hasabatçysyny, BMG-niň Türkmenistanda düýpli kemçiliklere syn edip biljek ekspertlerini ýurda çagyrmaga ündemeli.

Azatlyk Radiosy: Reýçel, biz bu ýerde agzalan meseleleri çözmek ugrunda halkara jemgyýetçiliginiň, aýratynam ÝB-niň oýnap biljek roly barada gürrüň edýäris. Belki-de, bu meseleleriň käbiri türkmen häkimiýetleriniň dykgatyna öňem ýetirilendir, emma az zat üýtgedi. Meniň soragym, ÝB ýagdaýy özgertmek üçin näme etmeli?

Reýçel Denber: Men bu dialogyň geçirilmegi gowy zat diýip pikir edýärin. Emma bu dialog ÝB-Türkmenistan gatnaşyklarynda adam hukuklary boýunça meseläniň gozgalmagy üçin ýeke-täk bir pursat bolmaly däl. Häzirki wagtda ÝB Türkmenistan bilen partnýorlyk we hyzmatdaşlyk ylalaşygy boýunça diskussiýalara başlady. Bu ylalaşygyň esasy şertleriniň biri-de – iki tarapyňam adam hukuklary bilen bagly normalara hormat goýmagy talap edilýär. ÝB-niň häzirki wagtda ylalaşygy jemlemek üçin zerur şert hökmünde adam hukuklary boýunça Türkmenistandan öňegidişligi talap etmäge mümkinçiligi bar. Şonuň üçin bu diňe bir diskussiýa bolman, bu ÝB-niň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmekde adam hukuklary bilen bagly şertleriň berjaý ediljegine kepil geçmäge mümkinçilik berýär. ÝB Türkmenistanyň Partnýorlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygynda göz öňünde tutulan şertleri berjaý etmekde netije görkezmändigini aç-açan aýtmaly.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda ÝB bilen dialogyň geçirilýän wagtynda, şeýle-de BMG-niň ýolbaşçysynyň Türkmenistana sapar eden wagtynda türkmen dilinde ýeke-täk garaşsyz habar serişdesi bolan Azatlyk Radiosynyň habarçylary basyş astynda boldy. Siz bu wakalaryň arasynda haýsy-da bolsa bir baglanyşyk görýärsiňizmi?

Reýçel Denber: Şübhesiz, men bu ýerde arabaňlanyşyk görýärin. Hökümet ýagdaý barada öz pikirini aýdyp biljek adamlary dymdyrmak isleýär, şeýle-de ÝB ýaly guramalaryň we BMG-niň ýolbaşçysynyň hem onuň bilen bilelikde baran wekilleriniň tankydy garaýyşlary aýdyp biljek adamlar bilen duşuşmagynyň öňüni almak isleýär. Hökümetiň, şeýle taktikany ulanyp, Türkmenistanda adam hukuklaryna degişli ýagdaýy öwrenmek üçin ýurda barýan adamlaryň aýdara zady bolan raýatlar bilen duşuşmagynyň öňüni almaga synanyşmagy häkimiýetleriň ilkinji gezek edýän hereketi däl.