Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: ÝB adam hukuklary barada dialog geçirýär


Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň baýdaklary
Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň baýdaklary

17-nji iýunda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasynda adam hukuklary boýunça dialog başlanýar.

Bu duşuşygyň öňüsyrasynda Adam hukuklary boýunça ”Türkmen Inisiatiwasy” guramasy we Adam hukuklary boýunça Halkara hyzmatdaşlyk guramasy beýannama bilen çykyş edip, öz on sahypalyk maglumatynda Türkmenistanda raýatlaryň esasy azatlyklarynyň depelenişi barada jikme-jik maglumat çap etdiler we ýurtda ýagdaýy özgertmek boýunça teklipleri öňe sürdüler.

Maglumatda Türkmenistanda kabul edilen täze kanunlaryň, şol sanda media, Internet, bileleşikler baradaky kanunlaryň işlemeýändigi bellenilýär.

Hususan-da,Türkmenistanda pikir we metbugat azatlygynyň depelenmeginiň dowam etdirilýändigi, 2013-nji ýylda kabul edilen we media azatlygy üçin zerur şertleri göz öňünde tutýan, senzurany gadagan edýän Media hakyndaky kanunyň raýatlar üçin söz we pikir azatlyklaryny has elýeterli etmändigi aýdylýar.

Hukuklar depelenýär

“Ozal bolşy ýaly, ýurtda garaşsyz media ýok we döwlet mediasyna häkimiýetler tarapyndan berk gözegçilik edilýär. Häkimiýetler redaktorlyk syýasatyna goşulyşýarlar we ýokardan görkezme berýärler, redaktorlar we beýleki media ýolbaşçylary prezident tarapyndan bellenilýär we çetleşdirilýär” diýlip maglumatda bellenýär.

Maglumatda çap görnüşindäki daşary ýurt neşirleriniň ýurda getirilmeginiň çäklendirlendigi, häkimiýetleriň hususy satellit antennalary arkaly görülýän daşary ýurt telekanallarynyň öňüni almak üçin çanak antennalary eden-etdilikli aýyrmaklarynyň soňky döwürde bu habar çeşmesiniň elýeterligini hem çäklendirýändigi aýdylýar. Galyberse-de, ýurduň resmi metbugat serişdeleriniň ilata mejbury satyn aldyrylýandygy we mejbury abunaçylyga aýlyklaryň 10% çemesiniň sarp edilýändigi maglumatda aýdylýar. Şeýle-de maglumatda ýurtda Internetiň ilatyň diňe 10%-ne elýeterlidigi resmi sanlara salgylanylyp, habar berilýär.

Türkmenistanda raýat jemgyýetçiliginiň ösmän galýandygy, Türkmenistanyň jemgyýetçilik bileleşikleri barada täze kanun kabul edilen hem bolsa, täze hasaba alnan hökümete degişli däl guramalaryň ýoklugy, ýurtda telekeçiler we senagatçylar partiýasynyň, agrar partiýasynyň döredilendigine garamazdan, hökümetden garaşsyz ugurly syýasy partiýanyň ýokdugy aýdylýar.

Adam hukuklary boýunça ”Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň we Adam hukuklary boýunça Halkara hyzmatdaşlyk guramasynyň bilelikdäki maglumatynda Türkmenistanda raýatlaryň bileleşmek hukugynyň depelenmegine hem üns berilýär.

Maglumatda türkmen häkimiýetleriniň şu ýylyň başynda kabul edilen we 1-nji iýuldan güýje girýän Bileleşikler hakyndaky täze kanuny, raýatlaryň nägilelik bildirip, tötänleýin we parahatçylykly proteste çyksalar, bu çykyşlary bikanun diýip yglan edip, adamlary jezalandyrmak üçin ulanmagynyň ähtimaldygy aýdylýar. Bu ugurda soňky döwürde raýatlaryň tötänleýin protest aksiýalaryna çykmagy bilen bagly ençeme wakalaryň bolandygy, hususan-da, şeýle çykyşlaryň häkimiýetleriň ýaşaýyş jaýlaryndan eden-etdilik bilen kondisionerleri aýyrmagy bilen bagly wakalarda dörändigi bellenýär.

Tankyt basyş astynda

Maglumatda Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we döwlet syýasatyny açyk tankyt edýän beýleki adamlaryň gorkuzmalara we basyşlara sezewar edilýändigi, ýurtdaky gazak jemgyýetiniň lideri Bisenkul Begdesenowyň, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowanyň gysyşlara uçrandygy hem-de 2014-nji ýylyň dekabr aýynda žurnalist Gülşen Aşyrowanyň öz Aşgabatdaky jaýynda öli tapylandygy aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen adam hukuklary boýunça dialogynyň öňüsyrasynda ýaýradan beýannamasynda Türkmenistanda çagalaryň, aýallaryň, milli azlyklaryň hukuklarynyň basgylanýanlygy, dini azatlyklaryň hukuklarynyň berk çäklendirilýändigi, raýatlaryň şahsy emläginiň eldegrilmezliginiň depelenýändigi we şahsyýet kultunyň güýçlenýändigi bellenilýär.

Edilmeli talaplar

Mundan başga-da gürrüňi edilýän maglumatda türkmen häkimiýetlerinden talap edilmeli diýlip öňe sürlen teklipleriň arasynda raýatlaryň bileleşmek azatlyklaryna kepil geçýän kanunlaryň türkmen häkimiýetleri tarapyndan berjaý edilişine garaşsyz halkara bilermenleriniň syn etmek zerurlygy öňe sürülýär. Şeýle-de ýurtda raýatlaryň öz alternatiw garaýyşlaryny mälim etmegine, olaryň halkara guramalary bilen işleşmegine ýol açmaklyga çagyrylýar.

Adam hukuklary boýunça ”Türkmen Inisiatiwasy” we Adam hukuklary boýunça Halkara hyzmatdaşlyk guramalarynyň taýýarlan bilelikdäki bu maglumatynyň Ýewropa Bileleşiginiň resmilerine 16-17-nji iýunda Aşgabatda türkmen häkimiýetleri bilen geçiriljek gepleşiklerden öňürti gowşurylandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG