Prezidente ýene bir sowgat taýýarlanýar

"Arkadag" seýilgähi, Aşgabat, 27-nji maý, 2015.

Aşgabadyň merkezine golaý ýerde prezidentiň hormatyna gurulýan ýene bir uly obýektiň gurluşygy tamamlanyp barýar. "Arkadag" diýlip atlandyrylýan bu seýilgäh Hytaý Halk Respublikasynyň konsullygynyň öňki binasynyň ýerinde gurulýar.

Atamyrat Nyýazow prospektiniň ugrunda ýerleşen bu parkyň uzynlygy 400 metr, ini 200 metr gowrak bolup, onuň açylyş dabarasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni, ýagny 29-njy iýuna gabatlanyp geçiriler.

"Arkadagyň" esasy elementleri

”Oguzkent” myhmanhanasynyň garşysynda gurulýan bu seýilgähiň gurluşygy ýerli firmalar tarapyndan amala aşyrylýar. Parkyň proýektinden çen tutulsa, “Arkadag seýilgähiniň” esasy elementi arka. Mermer bilen örtülen bu arka seýilgähiň ortasynda ýerleşdiriler.

Seýilgähiň girelgesinde iki sany göl görnüşli fontan ýerleşer. Seýilgähe dynç almaga gelenler üçin oturmaga 8 sany pawilion gurlar. Seýilgähde çagalar üçin hiňňillikler, kafe we dükan ýaly obýektleriň hem gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Edil häzirki gün seýilgähiň daşyna haýat çekilen. Emma haýatlaryň arkasyndaky obýektleriň käbirlerini seýilgähiň gapdalyndaky köçeden görse bolýar. Seýilgähde ýşyklandyryjy sütünler dikilipdir, pawilionlar gurlupdyr, köp sanly oturgyçlar goýlupdyr.

Garaz, gurluşygy 2014-nji ýylyň noýabrynda başlanan bu proýekt edil şu günki gün açylyşa taýýar diýen ýaly. Parkda prezidentiň heýkeliniň bolup-bolmajagy barada häzirlikçe takyk maglumat ýok. Häkimiýetler bu park we oňa edilen çykdayjylar hakda henize çenli halk köpçüligine giňişleýin maglumat berenoklar.

Seýilgähiň gurluşygy Aşgabadyň Çandybil etrabynyň buýurmasy boýunça ýerli “Ussat” golçur kärhanasy tarapyndan durmuşa geçirilýär. Bu parkyň 29-njy iýunda, ýagny prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň eneden bolan güni açylmagyna garaşylýar.

Prezidentiň doglan gününe sowgat

Bu seýilgähiň proýektini çyzan “Çeper gurluşyk” kärhanasynyň adynyň agzalmagyny islemedik bir işgäriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu seýilgäh prezidentiň doglan gününe sowgat bolar. Seýilgähiň açylyş dabarasy bolsa onuň doglan güni bolar.

Bu park Türkmenistanyň prezidentiniň adyny göterýän ýeke-täk obýekt däl. Aşgabatda 25-nji maýda hem Berdimuhamedowa bagyşlanyp, ”Arkadag binasy” atly monument açyldy. 21 metrlik mermerden ýasalan binýadyň üstünde oturdylan atyň üstünde ornaşan Berdimuhamedowyň 24 karatlyk altyn çaýylan heýkeliniň beýikligi 6 metre barabar.

Mundan başga-da 2009-njy ýylda Maryda prezident Berdimuhamedowyň ady dakylan ”Gurbanguly hajy” metjidi hem ulanmaga berlipdi. Ýurtda Berdimuhamedowyň maşgala agzalarynyň adyny göterýän käbir beýleki monumentlerdir ýadygärliklere hem bar.