Türkmenistanyň prezidentiniň öz sözi bilen aýdylanda diňe bir Aşgabadyň özünde açylyp, ulanylmaýan 37 sany desga bar. Olaryň arasynda mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýleri we oba adamlary üçin zerur bolan beýleki binalar bar.
Şol bir wagtda-da, paýtagtda-da boş duran binalaryň ençemesi bar. Olaryň arasynda gurulyp, ençeme wagtlap ulanylman duran ýaşaýyş jaýlar hem az däl.
Azatlyk Radiosy şeýle jaýlaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, Aşgabatly graždan aktiwisti käri boýunça inžener Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar