Türkmenistanyň hökümetiniň anna günki maslahatynda mälim edilişine görä, häzirki wagtda diňe Ahal welaýatynda ulanylyşa tabşyrylan, emma işlemän galýan binalaryň 37-si bar. Bu sanyň haýsy binalara degişlidigi resmi maglumatlarda takyklaşdyrylmady.
Şol bir wagtda-da, ýerli ýaşaýjylar uly dabara bilen açylansoň, boş durýan binalaryň ençemesine günde duş gelýärler.
Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew paýtagtdaky käbir obýektler barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.