Türkmenistanyň prezidentiniň ýakyn günlerde aýtmagyna görä, tutuş ýurt boýunça 140 çemesi täze desga ulanylyşa berilipdir, emma işlemän dur. Resmi maglumatlara görä, olardan 15-i Balkan welaýatyna degişli.
Balkan welaýatyna golaýda syýahat eden ýazyjy Amanmyrat Bugaýew işlemän duran iri obýektleriň arasynda Demirgazyk-Günorta halkara demirýolunuň Türkmenistanyň üstünden geçýän böleginde täze gurlan ondan gowrak stansiýany agzady. Uly bölegi Türkmenistanyň üstünden geçýän bu halkara demirýoly dekabryň aýagynda Türkmenistanyň, Eýranyň we Gazagystanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylypdy.
Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeşligi diňlemek üçin şu sepe basyň: