Aşgabat çanak antennalaryndan 'arassalanýar'

"Türkmentelekomyň" işgärleri öz telewizion kabellerini çekýärler, Aşgabat, 15-nji fewral, 2015.

Aşgabat Aşgabadyň käbir raýonlarynda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryny abatlaşdyrmak diýen çäre bilen bagly ýaşaýjylaryň çanak antennalaryny aýyrmak işi dowam edýär.

Bu prosesiň häzirki tapgyrynda Aşgabadyň Parahat-1-2-3-4-7 mikroraýonlaryndaky köçä golaý ýaşaýyş jaýlarynyň käbirleriniň çanak antennalary jaýyň üçegine geçirilen bolsa, käbirlerinde asla şol enjamlar aýrylypdyr.

Çanak antennalaryndan mahrum edilen ýaşaýjylara "kabel telewideniýesi” diýlip atlandyrylýan “Türkmentelekom” döwlet kompaniýasynyň hyzmatyndan peýdalanmak teklip edilýär.

“Türkmentelekomyň” kabel telewideniýesi​

“Türkmentelekomyň” hödürleýän bu hyzmatyna kabel telewideniýesi diýilse-de, iş ýüzünde ol daşary ýurtlarda giňden belli kabel telewideniýelerinden tapawutlanýar.

“Türkmentelekom” her jaýyň üçeginde 3-4 sany çanak antenna goýup, şondan jaýyň ýaşaýjylarynyň öýlerine kabel çekip berýär.

Bu antennalar esasan ”Ýamal 90 gradus”, ”Türksat”, ”Astra” we kähalatlarda ”Hotbird” sputniklerine gönükdirilen. Bu sputnikler arkaly müşderileriň türkmen, ors, türk we beýleki käbir daşary ýurt telekanallaryna tomaşa etmäge mümkinçilikleri bolýar.

“Türkmentelekomyň” kabel telewideniýesi diýlip atlandyrylýan bu hyzmatyndan peýdalanmak üçin her müşderi aýda 5 manat tölemeli.

“Türkmentelekomyň” kabel telewideniýesi, başda aýdyşymyz ýaly, häzirki tapgyrda, esasan, abadanlaşdyrylýanlygy hem-de köçeleriň gyrasynda ýerleşýänligi zerarly çanak antennalary aýrylan ýaşaýyş jaýlarynda gurnalýar.

Abadanlaşdyrylmaýan ýaşaýyş jaýlaryna bu hyzmatyň şol jaýyň ýaşaýjylarynyň kollektiw arzasy bolsa, diňe şonda çekilýändigini “Türkmentelekomyň” işgäri aýdýar.

'Tutuş Aşgabady öz üçine alar'

Bu edaranyň adynyň agzalmagyny islemedik işgäriniň aýtmagyna görä, ”Bu çäre soňluk bilen tutuş Aşgabady öz üçine alar. Ýagny, ýaşaýjylaryň çanak antennalary aýrylyp, hemme ýere kabel telewideniýesi çekiler. Kabel telewideniýesi çanak antennalaryny aýyrmak üçin çekilýär”.

Bu ädim hem resmileriň Aşgabadyň owadanlygy üçin görülýän çäreler diýen aladasynyň netijesine meňzeýär. Emma çanak antennalary aýrylýan käbir adamlar, bu ýagdaýyň dürli maksatlar üçin ulanylyp bilinjekdigini aýdýarlar.

'Käbir telekanallary görüp bolmaýar'

Özüni Ýagmyr diýip tanadan orta ýaşlaryndaky aşgabatly ildeşimiz Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde täze goýlan antenalarda käbir telekanallary görüp bolmaýandygyny aýdýar.

“Biziň jaýymyzda goýlan antennalar ”Yamal 90”, ”Astra” we ”Türksat” sputniklerine bakdyrylypdyr. Şonuň üçin ”Hotbird” sputnigindäki ”Ýewronýus” telekanalyna tomaşa edip bilmeýärin. Hatda agşamlyk Azatlyk Radiosyny hem diňläp bolanok” diýip, Ýagmyr gürrüň berýär.

Ýaşaýjylaryň bir bölegi bu çärä, umuman garşy däl, emma onuň durmuşa geçirilişindäki ýüze çykýan dürli bökdençlikleri agzaýarlar.

“Ilki, antennalary aýyrman, şol kabel telewideniýäni çekseler, gowy bolardy. Ýogsa, ilki antennany aýryp, birnäçe gün geçensoň kabelleri çekýärler, bu hem öýlerimizde telewideniýäniň birnäçe günläp düýpden kesilýändigini aňladýar” diýip, Parahat mikroraýonyň ýaşaýjysy Ýazguly Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

“Türkmentelekomyň” kabel telewideniýesi ilkinji gezek 4-5 ýyl mundan ozal paýtagtdaky käbir ýaşaýyş jaýlaryna çekilipdi. Ýaşaýjylaryň özleriniň gurnaýan çanak antennalaryna alternatiw hökmünde alnyp barylýan bu çäre, häzirki wagtda öz gerimini giňeldýär.