Bag çapmak gadaganlygyny häkimiýetler bozýar

Aşgabadyň eteginde düýp tutan bir bagyň düşen ýagdaýy.

Türkmenistanda ýylda ýaş agaç nahallaryny oturtmaga, ozal ekilen baglara ideg etmäge, ýurdy bag-bossanlyga öwürmäge uly döwlet serişdesi harçlanýar.

Bu işe ýurduň ilaty, dürli-edara kärhanalaryň işgärleri, okuwçy ýaşlar hem çekilýär.

Emma ekilýän baglara idegiň ýeterlik däldigi, ýaş nahallaryň düýp tutman gurap galýan halatlarynyň hem az bolmaýandygy aýdylýar.

Ikinji tarapdan, dürli gurluşyklar zerarly ozal ekilen, düýp tutan baglaryň goragsyz ýagdaýda çapylyp aýrylýan halatlarynyň hem bolýandygy aýdylýar.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, ýurtda saýaly we miweli baglary goramak boýunça kanunçylyk bar, ýagny ýönekeý adam öz ýaşaýan ýerinde ýa köçesinde bir bagy çapjak-beýleki bolsa, onuň ýerli häkimiýetlerden rugsat almalydygy aýdylýar.

Emma häkimiýetleriň özlerine gezek gelende, bu kanunçylygyň o diýen ýer tutmaýandygy hem habar berilýär.

Azatlyk radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, aşgabatly raýat aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Bag çapmak gadaganlygyny häkimiýetler bozýar