Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Bag ekilýär, miwe ýetenok"


Ýaş arça tokaýy
Ýaş arça tokaýy

27-nji sentýabrda Türkmenistanda ählihalk ýowary geçirilip, güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi.

Türkmen telewideniýesiniň beren habaryna görä, ählihalk ýowarynyň esasy çäreleri paýtagt Aşgabadyň günorta-günbatar künjegine ýaýbaňlandy we oňa prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

«Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, ministrlikleriň we beýleki düzümleriň wekilleri bu asylly çärä işjeň gatnaşdylar» diýip, türkmen telewideniýesiniň maglumatynda aýdylýar.

Ählihalk ýowarynyň dowamynda bütin ýurt boýunça 257 müňe golaý pürli, saýaly, miweli, dürli sortdaky agaç nahallarynyň oturdylandygy, ozal ekilen agaç nahallaryna ideg edilendigi habar berilýär.

Şeýle-de häzir oturdylýan agaç nahallarynyň 60-70 prosentini pürli agaçlaryň, arça agajynyň dürli görnüşleriniň tutýandygy aýdylýar.

Türkmen telewideniýesiniň tassyklamagyna görä, «Aşgabadyň töwereginde döreýän tokaý zolaklary bu künjegiň howasynyň tenekarlygyny ýokarlandyrýar we ekologiýa abadançylygyny üpjün edýär».

Dag eteklerinde, baýyrlarda bag nahallarynyň köpçülikleýin oturdylmagy topragyň biologiki işjeňligini ýokarlandyrýar, howanyň zyýanly garyndylardan arassalanmagyny şertlendirýär, muny ylmy barlaglar subut edýär diýip, habarda aýdylýar.

«Olar uglewodorod turşusynyň derejesini 210-215 esse peseldýär we ýaz, tomus aýlarynda howanyň tozanynyň 58 göterimine çenlisini, gyşda bolsa 37 göterime çenlisini özüne sorup alýar» diýip, türkmen mediasy agaç nahallarynyň şemaldan goranmagyň hem tebigy usuly bolup durýandygyny ýatladýar.

Guran arça
Guran arça

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri her ýyl müňläp agaç nahaly oturdylýar. Emma iki onýyllykdan gowrak wagt içinde millionlarça agaç nahalynyň oturdylandygyna, her ýylda geçirilýän ählihalk ýowarlarynda ozal ekilen agaç nahallaryna köpçülikleýin ideg edilýändigine garamazdan, ýurduň bagy-bossanlyga öwrülip gidibermeýändigi, ekilen agaçlaryň müňlerçesiniň birki aýdan gurap galýandygy aýdylýar.

Eýsem Türkmenistanda, gurak howaly ýurtda durmuş, ýaşaýyş üçin uly zerurlyk bolan pürli, saýaly agaçlaryň, miweli baglaryň köpelmegi, gadymdan gelýän bagçylyk medeniýetiniň ýokardan buýruk bermek, meýletin diýilýän, emma kähalatda mejbury zähmete öwrülýän ýowarlar esasynda däl-de, hakyky halk meýli, adamlaryň islegi, höwesi, şol bir wagtda aň-düşünje esasynda ösmegi üçin näme etmeli?

Azatlyk radiosy bu barada raýat aktiwisti Nurberdi Nurmmämedow, žurnalist Osman Hallyýew, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Bag we bagçylyk medeniýeti baradaky söhbeti diňläp, pikir-garaýyşlaraňyzy aýtmagyňyza garaşýarys.

please wait

No media source currently available

0:00 0:11:08 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG