Türkmen-owgan serhedi: Dawaly sebit derňeldi

Türkmen-owgan serhedi.

Owganystanyň ýörite hökümet topary türkmen-owgan serhedindäki dawaly adada derňew işlerini geçirdi.

Ýakynda Owganystanyň demirgazygyndaky Türkmenistan bilen serhetdeş regionlaryň ýaşaýjylary Türkmenistanyň serhedi berkitmek bahanasy bilen öz territoriýalaryny alýandygyny aýdyp, Azatlyk Radiosynda öz nägileligini bildiripdiler.

Owganystanyň ýörite hökümet topary gürrüňi gidýän territoriýada Türkmenistanyň alyp barýan gurluşyk işlerini ýakyndan gürüp, türkmen tarapynyň adada gazýan garymyny, dikýän demirdir dikenli simlaryny surata we wideo ýazga düşüripdir.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwma basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmen-owgan serhedi: Dawaly sebit derňeldi