“ABŞ ‘Yslam döwletini’ Eýrana garşy döretdi”

Eýranly dinçi şaýy musulmanlaryň Aşura baýramçylygynda, Tähran, 4-nji noýabr, 2014

Eýranyň harbylara golaý durýan berk liniýaly habar agentliginiň çap eden we şaýy musulmanlarynyň Aşura baýramçylygynda 4-nji noýabrda okalandygy aýdylýan beýannamasynda ABŞ-nyň “henizem uly şeýtandygy” nygtalýar. Galyberse-de, “Talybanyň” we “Yslam döwletiniň” arasynda arabaglanyşygyň bardygy aýdylyp, Birleşen Ştatlaryň Tährandaky ilçihanasyna hüjüm edilmegi makullanýar.

Şaýy musulmanlar musulman hasaby boýunça 10-njy aý bolan Moharramda Aşura baýramçylygyny bellemek bilen özleriniň üçünji ymamy Huseýniň 680-nji ýylda Kerbaladaky söweşlerde öldürilmegini ýatladylar.

”Defa Pres” websaýtynda çap bolan agzalan beýannamada “Yslam döwleti” tarapyndan çykarylan “fitna” gadaganlygynyň “Talybanyň” dowamy bolup, onuň hem Amerika we terrorçylygy goldaýan beýleki hökümetler tarapyndan döredilendigi” aýdyldy.

Agzalan beýannama Eýranyň baş lideri aýatolla Ali Hameneýiniň ýaramaz işlerde ýakasyny tanadan Gündogardaky ýaragly topar bolan “Yslam döwletiniň” Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary tarapyndan döredilendigi baradaky çykyşyny gaýtalady.

Şol bir wagtyň özünde-de agzalýan beýannamada aýdylýan zatlar bu aýyplamalaryň çäginden hem çykdy. Beýannamada Birleşen Ştatlaryň “Yslam döwletini” Eýrana hakyky howp salmak üçin, ýagny “Yslam dünýäsiniň global gedemligini (Eýranda käbir adamlar bu termini Birleşen Ştatlar babatynda ulanýarlar) we sionist režime (Ysraýyla) garşylyk görkezýän güýçleri gowşatmak üçin” döredendigi aýdylýar.

Beýannama Eýranyň Siriýada we Yrakda “Yslam döwletine” garşy Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa garşy çykmagyndan başga-da, Eýranda berk liniýaly güýçleriň “Yslam döwleti” atly sünni toparyny şaýy "Yslam respublikasyna” garşy hakyky howp hökmünde häsiýetlendirip başlamak we Tähranyň esasan ABŞ-dan we Ysraýyldan ybarat köne “duşmanlarynyň” sanyny artdyrmaga ýykgyn etmek tendensiýasyny görkezýär.

Beýannamada “Yslam döwletiniň” ABŞ-nyň önümi, diýlip atlandyrylmagy bilen birlikde, eýran halkynyň dünýäde “agalyk ediji güýje we halkara sionizmine” garşy göreşýändigi hem-de “Amerikanyň uly şeýtandygyny” unutmaýandygy nygtalýar.