"Türkmenistana aladalarymyzy bildirýäris"

Birleşen Ştatlaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyndaky ilçisi Daniel Baer

Ýakynda Ýewropada Howsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň “Adamçylyk ölçegleri” boýunça iki hepde dowam eden ýygnagynda “Türkmenistan” ady her günki geçirilen diňlenşikde diýen ýaly agzaldy we Birleşen Ştatlaryň agzalýan guramadaky wekilleri hem şol diskussiýalara gatnaşyp öz pikirlerini aç-açan aýtdylar.

Bu ýagdaý şu ýyl ilkinji gezek Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň dini azatlyklar boýunça hasabatynda Türkmenistanyň adynyň "aýratyn alada döredýän ýurtlaryň" hataryna girizilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Eýsem, bu Birleşen Ştatlaryň Türkmenistan boýunça täze syýasaty ýöredýändigini aňladýarmy?

Şeýle-de, soňky döwürler türkmen-owgan serhedinde emele gelen dartgynly ýagdaý bilen bagly Waşingtonyň garaýşy nähili we Türkmenistan bilen bu ugurda haýsydyr hyzmatdaşlyk göz öňünde tutulýarmy?

Bu we beýleki meseleler barada Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir Birleşen Ştatlaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyndaky ilçisi Daniel Baer bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: 2014-nji ýylyň soňuna çenli Owganystanda ýerleşýän daşary ýurt harbylarynyň aglabasy Owganystany terk edýärler. Siziň pikiriňizçe, bu ýagdaý onuň goňşularynyň howpsuzlygyna nähili täsir ýetirer?

Daniel Baer: Biz Owganystanda demokratik sistemanyň ornaşmagynyň Merkezi Aziýa üçin ullakan oňyn mümkinçilikleri döretjekdigini gaýtalap gelýäris. Elbetde, hökümet edaralaryny güýçlendirmäge zerurlyk bar. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde biz serhet bilen bagly işleri guramalaşdyrmak boýunça ýörite türgenleşik institutyny döretdik, ol diňe Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň degişli wekillerini däl, Owganystanyň resmilerini hem türgenleşdirmek ukybyna eýe. Elbetde, serhedaşyr söwda-satygy kanuny taýdan ýola goýmak üçin serhediň asuda bolmagy zerur. Serhediň howpsuzlygy bolsa regionda uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän bir problema. Emma güýçli demokratik Owganystanyň region üçin täze mümkinçilik döretjegini aýtmaga doly esas bar we biz bu ugurda iş alyp barýarys.

Azatlyk Radiosy: Azatlyk Radiosy soňky döwürlerde türkmen-owgan serhedinde emele gelen ýagdaýlar barada yzygiderli maglumat berýär, biz, esasanam, demirgazyk Owganystanda ýagdaýlaryň barha ýaramazlaşyp barýandygyna ünsi çekýäris. Belki, habaryňyz bardyr, Owganystanda ýerleşýän söweşiji toparlaryň serhet liniýasyndan geçip, alty sany türkmen serhetçisini öldürmegi ýaly ýagdaý bolup geçdi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde owgan-türkmen serhedindäki ýagdaýlar hakda gürrüň gozgalýarmy?

Daniel Baer: Serhediň edil şol bölegi bilen bagly iň bärkisi sýyasy duşuşyklarda-ha gürrüň edilmedi. Öňki aýdyşym ýaly, biz ünsi regionyň uzak wagtlaýyn howpsuzlyk meselesine gönükdirýäris.

Serhediň howpsuzlygy, elbetde, umumy howpsuzlygyň özenini düzýär. Şonuň ýaly wakalar bu temanyň näderejede möhümdigini görkezýär. ABŞ Owganystanda demokratiýanyň ornaşmagy we demokratik institutlaryň döredilmegi üçin uly maýa goýýar.

Muňa garamazdan, ähli böwetleriň ýeňlip geçilendigini aýdyp bilmeris. Emma şol kynçylyklaryň hötdesinden gelmek meselesinde tutuş region pikirdeş.

Azatlyk Radiosy: Owgan serhediniň howpsuzlygy bilen baglylykda türkmen tarapynyň siz bilen habarlaşan ýa siziň hökümetiňizden kömek soran pursaty boldumy?

Daniel Baer: Bu meselede meniň türkmen resmileri bilen gepleşik geçiren mahalym bolmady.

Azatlyk Radiosy: Waşingtonda ýa Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy bu babatda Türkmenistana haýsydyr bir teklip bilen ýüzlendimi?

Daniel Baer: Elbetde, biziň Aşgabatdaky ilçihanamyz Türkmenistanyň resmileri bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar. Türkmenistanyň Waşingtondaky ilşçihanasy hem bu meselede öz aladalaryny degişli edaralar bilen özara gatnaşygynda beýan edýär.

Asuda we güýçli Owganystanyň Türkmenistan we regionda ýerleşýän beýleki ýurtlar üçin bähbitli boljagy ikuçsuz we bu ugurdaky problemalaryň hem bilelikde hötdesinden gelmelidiris.

Azatlyk Radiosy: Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adamçylyk ölçegleri baradaky iň soňky ýygnagynda Türkmenistanyň ady her ýygnakda diýen ýaly gozgaldy we ABŞ-nyň wekilleri hem şol ýygnaklaryň ählisinde diýen ýaly öz pikirlerini aýtdylar. Şol ýygnakda ABŞ-nyň delegasiýasynyň ýolbaşçysy jemleýji çykyşynda hem Türkmenistan barada aýratyn durup geçdi. Munuň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ady ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan ýaýradylýan dini azatlyklar boýunça raportda aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hataryna girizildi. Bu ýagdaýa nähili düşünmek mümkin, Waşingtonyň Türkmenistan boýunça syýasatynda özgerişlik barmy?

Daniel Baer: Men agzalan bu zatlaryň täze bir sýyasatyň ugrudygyny aýdyp biljek däl. Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny berjaý edişi bilen bagly yzygyderli alada bildirilip gelinýär.

Bu aladalary köpçüligiň öňünde hemem özara duşuşyklarda biz indi ençeme ýyldan bäri bildirip gelýäris. Siziň agzap geçen ýygnagyňyz Warşawada her ýyl geçirilýär, we onuň maksady Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmtdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ählisiniň adam hukuklary boýunça boýun alan borçlaryny näderejede berjaý edendigi we bu ugurda heniz edilmeli işleriň nämelerden ybaratdygy barada pikir alyşmak maksady bilen geçirilýär.

Emma, gynansak-da, Türkmenistan bu ýygnaga gatnaşmaýar, bu hakykatdan hem gynandyryjy ýagdaý, sebäbi Türkmenistanyň hökümet resmileriniň şol ýygnaklara gatnaşan halatynda olar [öz adreslerine aýdylýan] tankydy pikirlere jogap bermek mümkinçiligine eýe bolardylar.

Türkmenistan şol ýygnaga gatnaşmanlygy üçin, bu ýurt barada öňe sürlen pikirleriň hemmesi aladalardan ybarat bolup eşidilýär. Olaryň ýygnaga gelmezligi hakyktadanam gowy däl. Elbetde aýdanyňyz dogry, biz Türkmenistanda azatlyklaryň dürli görnüşleri, şol sanda adam hukuklary barada öz pikirlerimizi aýtdyk, biz bu baradaky aladalarymyzy beýan etmegi dowam etdireris.

Brian Atwood bilen bilelikde biz syýasy tussaglaryň maşgala agzalary bilen hem duşuşdyk we Türkmenistanda ýitirim bolan syýasy tussaglaryň işi barada alada edýän hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri bilen hem duşuşdyk. Sebäbi adam hukuklary we beýleki azatlyklarda öňegidişligiň gazanylmagynyň hem uzagyndan Türkmenistanyň howpsuzlygy üçin möhümdigini pikir edýäris.

Azatlyk Radiosy: Döwlet departamentiniň dini azatlyklar boýunça raportynda Türkmnenistanyň aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hataryna girizilmegi baradaky teklip uzak wagtdan bäri edilýärdi, bu talabyň bu ýyl berjaý edilmeginiň aýratyn bir sebäbi barmy?

Daniel Baer: Şol raport taýýarlananda men wezipäme degişli işler boýunça ýurduň daşyndadym, emma, umuman aýdylanda, haýsydyr bir ýurt belli bir kategoriýa girizilende munuň şol ýurtlardaky ýagdaýyň aýnasy bolmalydygy göz öňünde tutulýar.

Her ýyl adam hukuklary boýunça ýaýradýan ýyllyk hasabatlarymyzda degişlilikde dürli raportlardan peýdalanýarys. Şol raportlar tassyklananda, biz olary kanun çykaryjylaryň öňünde goýýarys we ýagdaýa adalatly baha berýäris. Siziň hem aýdyşyňyz ýaly, bu ýyl Türkmenistan hasabatda "aýratyn alada döredýän" ýurtlaryň sanawyna girizildi.

Azatlyk Radiosy: Bu sorag maňa Türkmenistandaky ýagdaýlara ýakyndan gözegçilik edýän bir gurama tarapyndan iberildi. Soragda şeýle diýilýär. Döwlet departamentiniň Türkmenistany aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hataryna girizendigine garamazdan, Türkmenistana garşy sanksiýalar toplumyny girizmedi, sebäbi näme?

Daniel Baer: Elbetde, degişli kanunlarda, haýsydyr bir ýurduň ýagdaýyna baha bermek bilen birlikde belli bir şertlerde dolandyryjylara şol ýurda garşy belli bir jeza çärelerini ulanmak boýunça-da ygtyýarlyklar berilýär.

Elbetde, bu şikaýatlara düşünýärin we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň haýsy şertrlerde [öz borjuny ýerine ýetirmeýän ýurtlaryň garşysyna] maksimum sanksiýalaryň girizilýändigi baradaky soraglaryndan hem habarym bar.

Emma şonuň ýaly iki ugurly syýasatyň zerurlygy barada gürrüň edenimizde, islendik ýagdaýa garşy nähili çäre görülmelidigi baradaky meseleden aýratynlykda, ilki bilen maksat ýagdaýa dogruçyl baha bermekden ybaratdyr.

Meniň pikirimçe, ýagdaýa dogruçyl baha berildi, Türkmenistanda dini azatlyklar boýunça çynlakaý aladalar bar. Biz gelejekde hem hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen aragatnaşygymyzy dowam etdireris we şol bir wagtyň özünde-de ýurtda hakyky özgerişligiň bolmagy üçin mümkin bolaýjak goşandymyzy goşmagy hem dowam etdireris.

Azatlyk Radiosy: Aýdyşyňyz ýaly gürrüňini edýän ýygnagymyzda siziň türkmen resmileri bilen duşuşmaga mümkinçiligiňiz bolmady, emma haçanda olar bilen duşuşanyňyzda, şol syýasy tussaglaryň ýagdaýy hakda gürrüň gozgasaňyz, olar size nähili reaksiýa görkezýärler?

Daniel Baer: Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Wena gelende, onuň bilen duşuşmaga mümkinçiligim boldy, bu elbetde uzaga çekjek diskussiýa. Emma biz, elbetde, bu barada Waşingtonda, Aşgabatda we beýleki ýerlerde türkmen resmileri bilen bolan duşuşyklarymyzda gürrüň edýäris we öz aladalarymyzy bildirýäris.

Haçan-da bu barada gürüň edenimizde, biziň Türkmenistanyň uzak möhletleýin howpsuzlygy, asudalygy we ilatynyň has gowy ýaşamagy ýaly ugurlarda ösüş gazanmagyndan başga maksadymyz ýok. Elbetde, syýasy tussaglaryň ýagdaýy barada alada bildirdim. Diskussiýada kim näme diýdi diýen detallara girmek islämok, ýöne biz dürli meseleler, şol sanda adam hukuklary boýunça gürrüň etdik.