Kömegi degermi?
Biri lukmana “Aýagym günbe-günden garalýar” diýip, arz edýär. Lukman “Sen aýagyňy sabynlap ýuwýarmyň?” diýip, ondan soraýar. Lukmana arz-halyny aýdan:
-Ýok, eger şeýtsem, kömegi degermi? -diýip, sowal beripdir.
Nämüçin arz edýäň?
Sud zalynda jenaýat işine seredilýär. Kazy arz edene:
-Suda ýazan arzaňyzdan mälim bolşy ýaly, goňşyňyz size “Tünt, samsyk” diýipdir. Şol dogrymy? Siz ony tassyk edýäňizmi? -diýip, sowal berýär. Arz eden “Hawa” diýýär. Kazy:
-Ony özüňizem tassyk edýän bolsaňyz, nämüçin suda arz edýäňiz? -diyipdir.
Sowala laýyk jogap
Kursdaş oglan we gyz köçe bilen ýöräp gelýär. Oglan gyza:
-Sen şeýle bir owadan, şeýle bir gömegeý. Üstesine-de akylly. Ýöne nämüçin maňa durmuşa çykmaga razylyk bereňok? -diýýär. Gyz:
-Onuň sebäbini ýap-ýaňy özüň aýtdyň -diýipdir.
Geň-taňlyk
Edara ýolbaşçysy işe çijä galyp gelen işgäri ýanyna çagyrýar. Işe giç gelmeginiň sebäbi bilen gyzyklanýar. Işgär “Köpräk ýatypdyryn, uklap galypdyryn” diýip, müýnli jogap berýär. Başlyk:
-Iş gününi iş ornuňyzda uklap geçirýäňiz. Öýüňizde nädip uklap bilýäňiz? Men ynanamok -diýip, ör-gökden gelipdir.
Rast söz
Biri “Sen döwlet syýasatyna nähili garaýaň?” diýip, işdeş ýoldaşyna sowal berýär. Ol “Aýalyma nähili garaýan bolsam, döwlet syýasatyna-da şonuň ýaly garaýan” diýip, jogap berýär. Işdeşi “Hiç zada düşünmedim” diýýär. Ol oňa:
- Aýalymdan-da, döwlet syýasatyndan-da gorkýan -diýip, ýagdaýyny düşündiripdir.
Il içinden çöplän, taraşlan Amanmyrat Bugaýew.