Kelte kyssa
Dözüp satar ýaly dälem welin, nätjek, “Gerek deregi ýykar”. Jaýymy satmakçy. Ol “protokol köçesi” diýilýäniň ugrunda ýerleşýär. Jaýymyz, köçämiz berk goralýar. Döwletbaştutany hem-de resmi delegasiýalar biziň köçämizden iki köçe maşrykda ýerleşýän köçeden geçýär. Ýöne olaryň geçýän wagty biziň köçämiz-de ýapylýar. Yns-jynsyň gatnawyna gadaganlyk girizilýär.
Her gün gaýtalanýan şeýle ajaýyp pursatda jaýymyzy özümizdenem goraýarlar. Oňa girip-çykmak bize-de gadagan. Gözüňe söweýin, egni pagonly polisler, adaty eşikdäki gujurly ýigitler ýoluňy kesýär. “Bar, ho-ol, buky ýerde dur, özümiz ejaza berýänçäk garaş” diýýärler. “Witjik, bary şümi?” diýip, dodak çöwürme! Jaýymyzy Gyratyň Pereňden gelen owazyndan has güýçli ses çykarýan enjam oturdylan polis maşynlary gije-gündiz goraýar.
Jaýyň öňünde goýlan bir awtoulagy kowmak üçin iki polis maşyny belent owaz edýär. Goňşymyz, nijeme ýylyň duly Nabat ýeňňe “Şul gohdan gorkman, jaýymyza ogurlyga girene Ärmämmet diýerin” diýýär. Munuň “Dul göwün ärsek bolar” diýlenini bolmagam ahmal. Ýöne Nabat ýeňňäň jaýymyzyň goragyna-da göwni ýetýär. Şol polis maşynlarynyň belent owazy ýurt raýatlarynyň köpelmegine-de önjeýli goşant goşýar.
Bir gezek goňşy girelgede ýaşaýan Sona gelin şol belent owaza gijeýary ukusyndan oýanýar. Ilçilik-dä, käbiri “Gorkupdyr” diýýär. Beýle zat ýok. Ol aşa tolgunany üçin göwresindäki çagany aý-güni dolmazyndan 2 aý ozal dogurdy. Bir gün öň köpelsek bir peýda. Sona gelin-ä, tüweleme, 60 gün öňünden raýat sanyny köpeltdi. Wagtyndan öň perzent ýüzüne gözüň düşmegini isleýän bolsaň, jaýym tüýs saňa gerek jaý, satyn al!
Adamçylyk, munuň tersine bolýan halaty-da bolýar. Sona gelinden 2 etaž ýokarda ýaşaýan biri ýaňky belent owaza şeýle bir begenipdir, begenjine ýüregi çat açyp, aradan çykdy. Biziň-de ýüregimiz daşdan däl. Merhumy Gonamçylygyň aýakujunda, polis maşynynyň belent owazynyň eşidilmejek ýerinde jaýladyk. Rahat ýat, bizden razy bol, goňşy! O dünýäde - baky öýüňde polis maşynynyň belent owazyna begenjiňden ýaňa ýüregiň çat açmaz ýaly edendiris.
Meniň-de öýüm ýerleşýän 12 etažly jaý SSSR zamanasy salynan. Bilşiňiz ýaly, soňky ýyllarda salynýan jaýlaryň daşyna mermer örtük edilýär, “mermer halat ýapýarlar”. “Täze geýimde köne ýama bolup durmasyn” diýip, biziň jaýymyzyň-da ýüz tarapyna, ýagny protokol köçe tarapyna öňlük dakdylar.
Arka tarapyna mermer ýeten däldir-dä, öňküligine dur. Ýöne oňa tykyrama! Dana atalar “Gözüm görmese bolýar, syrtymy böri iýsin” diýipdir. Sen olardan artykmaç dälsiň. Bü-hä, birinjiden. Ikinjiden, jaýyň eňse tarapy köne taryh, köçe tarapy täze taryh. Iki taryhyň araçäginde ýaşamak isleýänler üçin köçesi, özi goragly, öňüne ak mermerden öňlük dakylan jaý satuwa çykarylýar. Bagtly bolasyň gelýän bolsa, howlyk!