Türki dilli edebiýatyň taryhynda döredijiligi gös-göni ikä bölünip duran şahsyýet seýrek bolsa gerek.
XVI asyrda Bagdatda ýaşap geçen Muhammet Süleýman ogly Fizuly dini wekiller tarapyndan beýik akyldar we örän paýhasly ynsan hökmünde öwrenilýär. Dünýewi pirikli adamlar bolsa Muhammet Fizulyny örän ajaýyp lirik şahyr hasaplaýarlar.
Şahyryň asly
Beýleki bir bölünişik şahyryň asly, onuň haýsy millete degişlidigi baradaky meselede jemlenýär.
Şahyr Yragyň günortasyndaky Kerbela şäherinde dünýä inipdir. Şahyryň döwürdeşi Sadeki ömür beýany baradaky kitabynda onuň baýat tiresindendigini aýdýar. Şahyryň beýleki bir döwürdeşi Nidaýi Çelebi Fizuly Ak Goýunly türkmen bolmaly diýip ýazýar.
Soňraky ensiklopedik maglumatlarda onuň Yrakda oturyp galan baýat tiresinden bolandygy aýdylýar. Käbir etnografik çeşmeler baýatlaryň Azerbaýjan subetnik toparyna degişlidigini aýdýarlar. Ellias Gibb, Ý.A. Bertels, Ýan Ripka, A.Ý. Krymskiý ýaly Gündogary öwrenijiler şahyryň azerbaýjanyň baýat tiresinden gelip çykanyny öňe sürdüler. Bilşimiz ýaly, baýatlar ir zamanlardan bäri Gündogar Türkmenistanda, aýratynam Lebapda köplük bolup ýaşap gelýär. Olar birwagtlar Hazar ýakalaryna, şol sanda Kiçi Aziýa we Yraga çenli ýaýrapdyr.
Fizuly pars dilindäki diwanynda, ene diliniň türk dilidigini aýdypdyr. Döredijilik babatynda Hakganyny, Nyzamyny, Habybyny hem Nesimini öz ussatlary saýypdyr.
Fizulynyň dürli ugurlara degişli 16 eseri bize mälimdir.
Pikirler
Şahyryň döredijiliginiň gymmady barada biz Stambul uniwersitetiniň edebiýat fakultetiniň dosenti, doktor Murat Karawelioglu bilen gürrüňdeş boldyk.
M. Karawelioglu: Bütin türki edebiýata nazar aýlansa, edebiýat taryhymyzyň her ugrundan iň saýlantgy we iň beýik şahyrlaryň biri bolan Fizuli Osmanly türkleriň topragy saýylan Bagdatda kämillige ýetipdir hem şol ýerde döredipdir. Ömrüni-de şol ýerde soňlapdyr. Käbir eserlerinden mälim bolşuna görä, Istambula, ýagny ýurduň baş şäherine gelmegi köp isläpdir, ýöne gelip bilmändir. Syýasy häkimiýetiň durnuksyz we çalşyp durmagy, jemgyýetiň dini bölünişigi onuň Bagdatdan çykmagyna ýol bermändir. Emma bu Fizulynyň beýik şahyr bolmagyna bökdençlik döretmändir. Ol öz döwrüniň üç beýik medeniýet dili bolan türk, arap we pars dillerinde kämil diwanlar ýazmagy başaran şahyr. Ikinjiden, ol şygyr ýa diwan ýazmak bilen çäklenmän, öz döwrüniň ykdysady we sosila meselesini gozgaýan “Şikaýatnama” eserini döretdi. Öz döwrüniň ahlak meselelerini gozgaýan, muňa jemgyýetiň ünsüni çekýän goşgulary döretdi. Onuň zehini gazal ýa mesnewi ýazmak bilen çäklänmedi, üç dili erkin bilmegi arkaly Kelam ylmy, yslam ylmynyň öňe saýlanan ugurlary hakda kitaplar ýazyp, özüniň paýhaslydygyny görkezdi.
Şu meselede saklansak, halk arasynda iki Fizuly bar. Olaryň birinjisi, siziň aýdyşyňyz ýaly, dini medreselerde öwrenilýän Fizuly. Şeýle hem ol adamçylygy we saglygy gorap saklamagy öwredýän öwüt-ündewçi. Beýlekisi bolsa “Leýli we Mejnun” eserini döreden, ençeme gazallar hem rubagylar ýazan şahyr Fizuly. Ol iki Fizuly ruhy taýdan birmi ýa-da aýry-aýrymy?
M. Karawelioglu: Aýry. Emma şol aslynda talaba laýyk. Bu aýralyk Fizula has gowy düşünmäge ýardam edýär. Aslynda iki ugur hem bir Fizulydan çykýar. Elbetde, Fizuly musulman, bir dindar ynsan. Şeýle-de bolsa, ol klassyky türk edebiýatynda dini edebiýaty dörediji saýylmaýar. Ol şerigat kada-kanunlaryny düşündirjek bolmandyr. Ol iň sap hem iň tämiz duýgynyň aşygy. Özünde-de şeýle yşkyň bolmagyny isleýär. Şol päk söýgini aýtmak üçin, Kurhandan peýdalanýar, hadyslardan peýdalanýar, dini düşünjelerden peýdalanypdyr. Şeýle etmek bilen ol beýik Fizulyny emele getirýär.
Fizulynyň biziň döwrümizdäki zerurlygy hem ol ugurda bolan kynçylyklar barada näme aýdyp bilersiňiz?
M. Karawelioglu: Fizuly Türkiýede we türki milletiň ýaşaýan giň geografiýasynda görelde alynmaly şahsyýetleriň başynda durýar. Meselem, Babur şa ýaly, Alyşir Nowaýy ýaly, Fizuly-da bir şahsyýetdir. Sebäbi owaly bilen ol bir mekdep döredip bildi. Onuň ömründen soňra 400-500 ýyl geçse-de, eserleri okalýar hem öwrenilýär. Bu günki nesil Fizulyny bilmelidir. Ikinjiden, biz Fizulynyň 520 ýaşy barada gürrüň edip otyrys. Munuň özi türki topraklarda Fizulynyň doly öwrenilendigini aňlatmaýar. Näme üçin Getäniň eserleri, Wolteriň, Şekspiriň eserleri biziň dillerimize terjime edilmeli-de, Fizuly terjime edilmeli däl? Olaryň kitaplary türk dilnde-de, türkmen dilinde-de bar wagtynda, näme üçin Fizuly bolmaly däl? Onuň eserleriniň, aýratyn-da diwanlarynyň türkmen diline-de geçirilmegi gerek. Bu örän gijä galdyrylan işdir.
Bu gün türk we türkmen ýaşlary Fizulyny öwrenmekde kynçylyk çekýär. Fizuly bu günki türkmen ýaşlarynyň bilim atasydyr. Ol näme üçin muny öwrenmekde kynçylyk çeksin?
Hudaýberdi Hally, ýazyjy.
Makalada öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.