Yraga Eýrandan söweş uçary getirildi

Orsýetiň "Suhoi Su-25" söweş uçary Yragyň al-Muthanna harby bazasyna getirildi. Bagdad, 1-nji iýul, 2014.

Düýbi Londanda ýerleşýän ylmy barlag edarasy Eýranyň, sünni ýolbaşçylygyndaky yslam jeňçilerine garşy söweşe goldaw bermek üçin, Yraga söweş uçarlaryny iberendigini aýdýar.

Halkara Strategiki barlaglar instituty (IISS) yrak häkimiýetleri tarapyndan ýaýradylan wideoýazgylaryň şekil analizleri Eýrandan iberilen «Suhoý» uçarlarynyň 1-nji iýulda Yraga eltilendigini görkezýär diýdi.

Orsýet öňler Eýrany bir orunly, iki motorly, Sowet Soýuzynda 1970-nji ýyllaryň aýagynda öndürilen reaktiw Su-25 uçarlary bilen üpjün edipdi.

Halkara Strategiki barlaglar institutynyň “Harby balans” neşiriniň analitigi Jozef Dempsiniň (Joseph Dempsey) pikirine görä, bu uçarlary kimiň sürmelidigi we olara kim tarapyndan tehniki gözegçilik edilmelidigi belli däl.

2-nji iýulda çap edilen hasabatyň awtorynyň ýazmagyna görä, Yrak bu hili uçarlaryň islendik toplumyny, belli derejede daşarky goldaw alman, işledip biljege meňzemeýär.

Yragyň hökümet goşunlary Yragyň yslam döwleti we Lewant toparynyň ýolbaşçylygyndaky jeňçiler bilen söweşýär. Bu topar Siriýada we demirgazyk Yrakda uly territoriýany ele geçirip, 29-njy iýunda öz basyp alan ýerlerinde «halyfat» ýa-da Yslam döwletini jar etdi.

Waşington Yrakda adamsyz uçarlary we dikuçarlary ýerleşdirdi. Şeýle-de Yragyň harby-howa güýçlerini «Hellfire» (Dowzah alawy) raketalary bilen üpjün edýär.

Analitikler Yrakda eýran uçarlarynyň bolmagy Birleşen Ştatlaryň bu konfliktde öz esasy bäsdeşi Eýran bilen bile hereket etmegini aňladýar diýýärler.

Eýranyň bärnäçe Su-25 söweş uçary bolup, olar Rewolýusion gwardiýa korpusy tarapyndan işledilýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüçi Jen Psaki bu habar boýunça düşündiriş bermekden boýun gaçyrdy, emma ABŞ-nyň Eýranyň Yraga berip biljek ýa bilmejek kömekleriniň görnüşi hakyndaky ünjüsiniň saklanyp galýandygyny aýtdy.

Yrak goşunlary gury ýerde YYDL jeňçileriniň emele getiren petigini böwüsmek üçin darkaş gurýarlar.

Tanklar, toplar we howadan urulýan zarbalar bilen goldalýan müňlerçe esger 11-nji iýunda elden giderilen Tikrit şäherini yzyna almakda çäklije progres gazandy.

Salaheddin welaýatynyň gubernatory Ahmed Abdullah Juburi goşunlaryň welaýat paýtagty Tikritiň içine aralaşmagyna köp sanly minalanan jaýyň, ýol ýakasynda goýlan bombalaryň we ulag bombalarynyň uly päsgelçilik döredendigini aýtdy.

Şu arada Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki YYDL-yň halyfat jar etmegini tutuş regiona abanýan howp diýip atlandyrdy.

Maliki 2-nji iýuldaky hepdelik ýüzlenmesinde YYDL-yň bir taraply görnüşde halyfat döredýändigini yglan etmegi sebitdäki döwletleriň ählisine olaryň indi gyzyl çyzygyň içine alnandygy barada berlen habar diýdi.

Maliki Yrakda ýa-da goňşy ýurtlarda hiç bir adam bu planlardan üzňelikde, aman-esen galmaz diýdi.

Şeýle-de Maliki ýurduň Kürt awtonom regionynyň YYDL krizisi mahalynda eýelän dawaly territoriýasyny saklap biljegi baradaky tassyklamasyny özüniň ret edendigini aýtdy.

Kürt güýçleri özleriniň Kerkugyň, uly nebit mesgeniniň içindäki we daşyndaky dawaly territoriýany, Yragyň hökümet güýçleri yza çekilenden soň, sünni gozgalaňçylaryndan goramagy başarandyklaryny aýdýarlar.

Maliki öz sözlän sözünde jeňçi hüjümini goldan käbir sünni tirelerine günä geçiş hem teklip etdi.

Maliki bu ýüzlenme bilen Yragyň täze parlamentiniň 1-nji iýulda geçiren ilkinji sessiýasy täze spikeri saýlap bilmän soňlanandan bir gün soň çykyş etdi.