Howply hyzmatdaşlyk: Yragyň armiýasyna meýletinçi şaýylar goşulýar

Yragyň armiýasynyň hataryna goşulan meýletinçiler. 15-nji iýun, 2014 ý.

Yragyň premýer-ministri Demirgazyk Yrakdaky gozgalaňçylara garşy söweşmekleri üçin şaýy meýletinçilerine sala saldy. Bu ýagdaý üstünlik getirermi ýa-da graždanlyk urşuna ýol açarmy?
Demirgazyk Yrakdaky sünni gozgalaňçylar ep-esli territoriýany basyp aldylar. Ýurduň premýer-ministr Nuri al-Malikiniň hökümeti elden giderilen ýerleri täzeden yzyna almak üçin şaýy meýletinçilerini göreşe goşulmaga çagyrdy.

Ýöne Bagdatda, topar-topar bolup goşunyň hataryna meýletin girýän ýönekeý raýatlardan başga, gozgalaňçylara garşy göze ilerlikli üýtgeşik bir görülýän çäre ýok.

Mediada ýaýradylýan maglumatlardan çen tutsaň, Yragyň goşunyny güýçlendirmegiň ýeke-täk çeşmesi - yrakly şaýy meýletinçiler. Şaýy meýletinçileriň hatarynda ýokary taýýarlykly müňlerçe söweşiji bar diýilýär. Ýöne şaýy meýletinçileriniň söweşe girişmekleri häzirki wagtda başga-da howply ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna getirmegi mümkin.

Eýse, meýletinçi jeňçileriň sünni gozgalaňçylara garşy söweşmegi ýurtdaky häzirki dartgynly ýagdaýy gowşadarmy ýa-da bu ýagdaý Yrakda mezhep urşunyň ýüze çykmagyna getirermi?

Dogrusy, ýakyn gelejekde nämeleriň bolaýmagynyň ahmaldygy Bagdadyň 100 kilometr demirgazygynda ýerleşýän Samarada bolan söweşde eýýäm ýüze çykyp başlady.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Yragyň harbylary Mosuly terk edýär


13-nji iýunda Maliki Samarada harbylar bilen duşuşdy. Agzalýan şäherde döwletiň harby we howpsuzlyk güýçleri gozgalaňçylara garşy şäheriň goragyny berk güýçlendirdiler. Ýöne gozgalaňçylar demirgazyk Yrakdaky Mosul we Tikrit ýaly şäherleri eýelänlerinde, olara hiç-hili garşylyk görkezilmedi.

Harbylar bilen geçiren ýygnagynda Maliki olara meýletinçileriň gelip başlandygyny we Samarada gozgalaňçylara garşy hüjümiň güýçlenjekdigini aýtdy.

Aslynda Samarada meýletinçiler ozalam bardy. Haçan-da bu şäherde 2006-2007-nji ýyllarda şaýy mezhebiniň keramatly ýeri hasaplanýan metjitleriň biri bombalananda, şaýylar gazap bilen söweşe girişipdiler we bu ýagdaý ýurtda iki ýyllap dagy dowam eden mezhep urşuna getiripdi. Hatda mezhep söweşiniň soňy tas graždanlyk urşuna ýazypdy.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Jihadology.net” atly maglumat merkezinden Filip Simit Malikiniň Samarany “Yrak yslam döwleti we Lewant” (ISIL) toparynyň ýykgynçylaryndan goramak üçin şaýy meýletinçilerini söweşmäge çagyrmagy ýurdy garaňky gelejege uçradar diýýär.

“Ýurtdaky hökümet “şaýylyk, şaýylaşdyrmak” barada gürrüňler edýär. Bu ýagdaý ýurtda sünni-şaýy çaknyşyklarynyň möwjemegine getirer”.

Garşy hüjüm

Ýene-de iki sany çylşyrymly mesele bar. Birinjiden, gürrüňi edilýän meýletinçi toparlar, esasan, köçe söweşinde has tejribeli. Ýagdaýyň şeýledigi olaryň elden giden şäherleri yzyna almakda hökümet güýçlerine baştutanlyk etjekdiklerini aç-açan görkezýär.

Ikinjiden, ýaragly şaýy meýletinçileriniň köpüsi Eýran tarapyndan goldanylýar. Bu ýagdaýa yrakly sünnüler “Yrakda şaýy döwletini gurjak bolýarlar” diýip düşünýär.

Smitiň aýtmagyna görä, ynha, şu iki faktor hökümetiň basylyp alnan ýerleri ISIL-den azat etmek ugrunda alyp barjak işlerine ýurtdaky sünnüleriň garaýşyny kesgitlär. Sünni gozgalaňçylar özleriniň esasy maksatlarynyň sünni jemagatlaryny şaýy täsirinden goramakdygyny aýdýarlar.

ISIL-e garşy göreşmäge çagyrýanlar diňe şaýy meýletinçilerden ybarat däl. Hemmeler bu çaknyşygy mezhep urşy hökmünde kabul edenok. 14-nji iýunda meýletinçileri Yragyň armiýasynyň hataryna goşulmaga çagyran şaýy kethudasy Aýatulla Ali al-Sistani öz çykyşynda meýletinçileriň diňe döwletiň bütwüligini goramak üçin harbylaryň hataryna goşulmalydyklaryny aýratyn nygtady.

Ol: “Sünni ýa-da şaýy diýen gürrüňleri goýuň” diýdi.

Ýöne ýagdaýa mezhep urşy hökmünde garaýanlar köçe söweşinde tejribeli hasaplanýan şaýy meýletinçileridir. Olar soňky ýyllarda Siriýa-da köp sanly söweşiji ugradyp, Damasky goldadylar we ýagdaýa yslamyň iki iri şahasynyň arasyndaky regional söweş hökmünde garadylar.

Eýranda türgenleşik geçen "Asaib Ahl Hak" we "Kataib Hebulla" ýaly şaýy toparlar hökümetiň gündogar Yrakdaky sünni meýletinçilere eden hüjümlerini hem goldap, olar bu hüjümlere işjeň gatnaşypdylar. Munuň netijesinde köp sanly ýönekeý raýatlar hem öldürilipdi. Iň pajygaly ýagdaý mart aýynda boldy. Şonda "Asaib Ahl Hak" topary bilen hökümetiň howpsuzlyk güýçleri agyz birikdirip, Diýala welaýatynyň Bohruz şäherinde 23 adamy öldüripdiler.

Synçylaryň aýtmagyna görä ISIL-e garşy göreşmekde Malikiniň agzalýan toparlary ulanmakdan başga kän bir mümkinçiligi hem ýok

Londonda ýerleşýän “Middle East practice at Eurasia Group” toparynyň müdiri Aýham Kamel bu barada şeýle diýýär: “Al-Maliki we Yrak hökümetindäki beýleki syýasatçylar täsin bir dilemma bilen ýüzbe-ýüz. Ýagny, demirgazyk Yrakda ýurduň goşuny çat açýar. Şonuň üçinem, hökümetiň bu harbylary täzeden guramakdan we öz güýjüni meýletinçiler bilen berkitmekden başga kän bir üýtgeşik mümkinçiligi hem ýok”.

Kameliň aýtmagyna görä meýletinçi güýçler Bagdadyň töweregindäki dürli etniki toparlaryň ýaşaýan ýerlerini täzeden almak ugrunda hökümetiň ýakyn kömekçisi bolup bilerler. Eger-de gysga wagtyň içinde üstünlikli operasiýalar amala aşyrylsa, hökümetiň paýtagty gorap biljekdigine ynam dörär we halk köşeşer.

Ýöne Kamel has demirgazykdaky welaýatlary täzeden ele almakda meýletinçileriň ulanylmagy ýagdaýa ters täsir eder diýýär: “Eger-de hökümet soňlugy bilen bu welaýatlarda (demirgazyk welaýatlarda) ýagdaýy kadalaşdyrmakçy bolsa, onda muny diňe syýasy ylalaşyk geçirmek arkaly ýola goýup biler. Demirgazyk Yrakda şaýy meýletinçileriniň söweşe goşulmagy, olaryň söweş taktikasyna garamazdan, regionda nägilelik döreder we ýagdaýy has hem beterlerşdirer”.

Syýasy ylalaşyklary durmuşa geçirmäge häzirlikçe mümkinçilik ýok däl. Sebäbi agzalýan sebitlerde hatda käbir sünnüleriň özleri hem ISIL-iň ekstremist ýörelgeleri bilen ylalaşmaýarlar.