Garkyndan gowşan hoş habar

Amyderýanyň kenary

Demirgazyk Owganystanyň Garkyn etrabyna uzak garaşylan kömek wada berildi we bu işde Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň, Azatlyk radiosynyň mynasyp paýynyň bardygyny aýtsa bolar.

Azatlyk golaýda serhediň owgan tarapyndaky türkmenleriň agyr ýagdaýy, ýagny olaryň jeňçiler bilen, Türkmenistanyň serhet goragçylary, howpsuzlyk güýçleri bilen bagly problemalary, şeýle-de türkmen halkyny iki bölýän derýa bilen bagly görýän görgüleri barada giňişleýin maglumat berdi.

Jowuzjan welaýatynyň Garkyn etrabynyň ilatynyň şikaýatlaryna ozallar üns beren bolmazdy, hususan-da goňşulykdaky Türkmenistanyň etniki türkmenleri olaryň diýýän-aýdýan zatlaryna baş galdyrmazdylar.

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk Jowuzjan welaýatynyň gubernatory Azatlyk radiosy bilen habarlaşyp, golaýda özüniň Türkmenistanyň resmileri bilen gürrüňdeş bolandygyny aýtdy.

Gubernator Baýmyrt Goýunly 3-nji aprelde Azatlyk radiosy bilen eden telefon söhbetdeşliginde birnäçe gün öň Türkmenistanyň baş konsulynyň özi bilen habarlaşandygyny aýtdy. Ol resmi gubernatora Türkmenistandan Garkynyň iň uly problemalarynyň birini, akymyny üýtgedýän derýa bilen bagly meselesini nädeňde gowy çözüp boljagyny öwrenmek üçin ýörite bir toparyň iberiljegini aýdypdyr.

Amyderýanyň üýtgäp duran akymy onlarça ýyl bäri serhediň owgan tarapyny ýykyp-ýumrup, Türkmenistanyň territoriýasyny Garkyn etrabynyň hasabyna giňeldip gidip
otyr.

Gulam Rasul, owgan obasynyň lideri


Garkynly türkmenler mart we aprel aýlarynda Türkmenistan Amyderýanyň owgan tarapyndaky mes toprakly ekerançylyk ýerlerini we öri meýdanlaryny «iýmesiniň» öňüni almaga, ýagny derýanyň kenaryny berkitmäge berýän kömegini gaýtadan ýola goýar diýen umyt bilen Azatlyk radiosyna öz arzuw-isleglerini aýtdylar.

Türkmenistan bu ugurdaky kömegini birnäçe ýyl ozal togtadypdy we onuň netijesi Garkynyň ilaty üçin heläkçilikli boldy, ýagny olaryň köpüsi öz ýaşap oturan ýerini taşlap, günortadaky gazaply çöllüge gaçyp atdy.

Goýunly baş konsula Türkmenistanyň ýagdaýy öwrenjek toparynyň 5-nji aprelde geçjek prezident saýlawlaryndan soň Garkyn we günbatardaky Hamýap etraplaryna iberilmegini haýyş etdi, sebäbi Hamýapda hem şeýle ýagdaý dowam edýärdi.

Azatlygyň Jowuzjandaky habarçysy ýene bir oňyn täzeligi habar berdi.

«Ýaramaz daralan» owgan türkmenleri geçen aý Azatlyga özleriniň Türkmenistanyň serhetçilerinden we howpsuzlyk güýçlerinden görýän horluklary, eger Amyderýanyň akymyny üýtgetmegi bilen dörän adalara, ozalky goýun bakýan ýerlerine geçseler urlup-enjilmek, tussag edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz boluşlary barada gürrüň beripdiler. Owgan türkmenleri öz mallaryny şol adalardaky öri meýdanlarynda bakmak isleýärler, sebäbi olar bu ýerleriň bir zaman öz obalarynyň ýerleşen topragynyň bir bölegi bolandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň Jowuzjandaky habarçysy Türkmenistanyň serhet goragçylarynyň golaýda owgan türkmenlerine öz mallaryny şol adalarda bakmaga rugsat berendiklerini, emma olaryň Türkmenistanyň Amyderýanyň kenaryndaky ýerlerine aýak sekmeli däldigini düşündirendiklerini habar berdi.

Türkmen-owgan serhediniň boýundaky ýagdaýyň birden şeýle üýtgemegi owgan prezidenti Hamid Karzaý 26-njy martda Kabulda Nowruz baýramçylygyna beýemçilik edeninden soň bolup geçdi.

Bu baýrama regional ýolbaşçylaryň hem birnäçesi gatnaşdy. Türkmenistandan uzak wagtlyk daşary işler ministri Reşid Meredow geldi. Owgan türkmenleri bu baýrama Kabulda Meredow bilen duşuşmak üçin 50 sany ýaşulyny, şol sanda garkynly ýaşululary iberdi.

Reşid Meredow


Gepleşiklere gatnaşan çeşmeler Azatlyga Meredowyň ol ýaşululara Türkmenistanyň derýanyň kenarynda berkitmeleri gurup bermek wadasyny berendigini aýtdylar.

Görnüşinden, garkynly türkmenleriň geljegi bilen bagly ýagdaýda dörän üýtgeşme üçin ozaly uzak ýol söküp, paýtagta gelen we türkmen resmisi bilen duşuşan ýaşululara minnetdar bolmaly.

Emma gubernator Goýunly Türkmenistanyň baş konsuly bilen eden gürrüňinden soň ilki telefon eden adamsynyň Azatlygyň habarçysy bolandygyny, onuň bu regionyň kynçylyklaryny dünýä ýaýmakda gowy peýdasynyň ýetendiginii aýtdy.

Gubernator şondan birnäçe gün soň Pragadaky Azatlyk radiosynyň goşmaça soraglaryna jogap berende has-da hoşwagt bolandygyny aýtdy.

Elbetde, bu ýerde, Pragadaky Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynda Türkmenistanyň hökümet resmileriniň käbiriniň bizi ençeme ýyllar bäri diňleýändigi, aýdylýan zatlary yzarlaýandygy bilinýär. Aşgabatdakylaryň biri şübhesiz Azatlygyň golaýda Jowuzjan, Farýab we Badgis welaýatlarynda ýaşaýan etniki türkmenler barada maglumat berendigini eşidendir.

Indi berlen wadalaryň durmuşa geçiriljegini görmek üçin garaşmak başlanýar. Emma Garkynyň ilaty pesinden özleriniň iň esasy arzuwlarynyň basym amala aşyp biljegine umyt baglaýar.