Orsýet serhetden goşun çekjegini aýdýar

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainanyň serhedinde ýerleşýän käbir goşun bölümleriniň, harby türgenleşiklerini tamamlansoň, hemişelik ýerleşýän bazalaryna dolanjakdygyny aýtdy we Ukrainadaky krizis bilen bagly çykyşlaryň badyny gowşatmaga çagyrdy.

Penşenbe güni Moskwada Gazagystanyň daşary işler ministri Erlan Idrisow bilen bilelikde geçiren metbugat-konferensiýasynda Lawrow harby türgenleşiklere gatnaşan bir batalýonyň Rostowdan öz harby bazasyna eýýäm dolanyp barandygyny aýtdy: “Biziň prezidentimiz Rostow welaýatynda geçirilen harby türgenleşiklere gatnaşan bir batalýonyň Samara welaýatyndaky bazasyna dolanyp barandygy barada Germaniýa federatiw respublikasynyň kanslerini habarly etdi. Beýleki gatnaşyjylar hem öz öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirensoň, özleriniň hemişelik bolýan ýerlerine gaýdyp bararlar”.

NATO üçin sowal

Lawrow “Orsýet Federasiýasynyň giňişliginiň çäginde harby bölümleriň hereketlerine hiç hili çäklendirmeleriň ýokdugyny aýtdy we “biziň Günbatarly partnýorlarymyz muny ykrar edýärler” diýdi. Şeýle-de Orsýetiň daşary işler ministri Moskwanyň NATO-dan onuň Gündogar Ýewropadaky hereketleri baradaky soraglarynyň jogabyny sorandygyny aýtdy. Lawrow Orsýetiň we NATO-nyň arasynda bar bolan halkara ylalaşyklara salgylanyp, Gündogar Ýewropa döwletleriniň giňişliklerinde goşmaça harby goşunlaryň bolmaly däldigini belledi.

Lawrow ýakynda ABŞ-nyň harby gämisiniň Gara deňizde ýene peýda bolmagy barada garaýşyny sorap, özüne berlen sowala hem jogap berdi. ABŞ-nyň harby gämisi geçen aýda Gara deňizde NATO boýunça ýaranlary bilen türgenleşiklere gatnaşypdy.

“Biz soňky wagtda amerikan harby deňiz gämileriniň kesgitlenen wagtyň çäginden çykyp, [Gara deňizde] has uzak wagtlap saklanandygyna üns berdik. Şol bir wagtda-da [olaryň] wagt möhletiniň uzaldylmagy Motre konwensiýasynyň çägindäki düzgünlere gabat gelmeýär. Biz muňa hem amerikan tarapynyň hem-de deňiz bogazlarynyň eýesi Türkiýäniň ünsüni çekdik. Biz konwensiýanyň düzgünleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyndan ugur alýarys. Biz muňa gözegçilik ederis”.

Lawrowyň bu kommentarileri Moskwanyň Krymy anneksiýa etmegi bilen baglylykda NATO-nyň sişenbe güni Moskwa bilen “ähli graždan we harby hyzmatdaşlygy” duruzýandygyny aýdansoň, köpçülige ýetirildi.

ÝB-niň tagallalary

Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katrin Aşton Günbataryň Orsýet bilen dartgynlylygy gowşatmak boýunça tagallalarynyň dowam etdirilýändigini aýtdy: “Biziň ileri tutýan maksadymyz dartgynly ýagdaýy gowşatmak boýunça işleri dowam etdirmekdir we Orsýeti bu ugurdan anyk ädim ätmäge çagyrmakdyr. Biz Orsýetiň Ukrainanyň özbaşdaklygyny we territorial garaşsyzlygyny depelemeginiň ýol bererliki däldigini açyk aýtdyk”.

Şeýle-de Aşton Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň “öz goňşulary bilen gowy gatnaşyk saklamak üçin” öz isleglerine görä hereket etmäge erkindigini belledi.