Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: «Krymyň alynmagy diplomatiýa ýer goýmaz»


Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow (sagda) amerikan kärdei J.Kerri bilen. Rim, 6-njy mart, 2014.
Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow (sagda) amerikan kärdei J.Kerri bilen. Rim, 6-njy mart, 2014.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa Krymyň anneksiýa edilmegi, ýagny zor bilen birleşdirilmegi «mümkin bolan diplomatiýa hiç bir orun galdyrmaz» diýdi.

Lawrow biraz öň Ukrainadaky krizis «açyk geosyýasy sebäpler zerarly emeli» döredildi diýdi.

Kerriniň Lawrow bilen soňky eden telefon gürrüňi orsýetçi milisiýa Krymdaky hereketlerini ýaýbaňlandyrandan soň bolup geçdi.

«Roýtersiň» habar topary şenbe güni ýüzlerçe rus esgeriniň we 50 çemesi goşun ýük maşynynyň, bronly harby tehnikanyň we «Tiz kömek» ulaglarynyň ugratmagynda, gündiziň günortany Simferopolyň demirgazygyndaky harby baza tarap barýandygyny surata düşürdi.

Başga bir tarapdan, haçanda halkara synçylary Krymyň içine girjek bolanlarynda, olara duýduryş oklarynyň atylandygy habar berildi.

Gözegçiler goýberilmeýär

ÝHHG-nyň sözçüsi, haçanda özleriniň 40-dan gowrak adamdan ybarat gözegçiler missiýasyny yzyna gaýtarmak üçin ok atanlarynda, hiç kimiň ýaralanmandygyny aýtdy. Olar Kiýew tarapyndan çagyrylypdy, emma Krymyň orsýetçi häkimiýetleri olaryň ýarymada girmegine rugsat bermedi.

Olar ozalam iki gezek yzlaryna gaýtarylypdy, ýöne bu olara tarap ilkinji gezek ok atylmagy boldy.

Ukrainanyň serhet goragçylary ýaragsyz gözegçileriň uçaryna, regional araçägiň üstünden 1000 metr çemesi ýokarda uçup barýarka tüpeň atylandygyny aýtdylar.

Prezident Barak Obama şenbe güni Baltika ýurtlarynyň alada galan liderlerine Birleşen Ştatlaryň olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge goldaw berjekdigini ynandyrmaga çalyşdy we beýleki ýewropaly ýaranlar bilen ukrain krizisi barada pikir alyşdy.

Ol Litwanyň prezidenti Dalia Grybauskaite, Latwiýanyň prezidenti Andris Berzins, Estoniýanyň prezidenti Toomas Hendrik Ilves dagy bilen wideoşekilli maslahat geçirdi.

Wideo: "Biz polisiýa döwletinde ýaşamak islemeýäris"

Krym tatarlary: "Biz polisiýa döwletinde ýaşamak islemeýäris"
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:32 0:00

"Ýewropa konfrontasiýa islemeýär"

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroso Brýussel bilen Kiýewiň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklaryň Moskwa zeleliniň ýetmejegini aýtdy.

"Biziň Ukraina babatdaky maksadymyz örän aýdyň: bu parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk. Biziň Ukraina babatda hiç hili ambisiýamyz ýok. Biz olaryň öz geljeklerini kesgitlemegini isleýäris, şeýle-de rus partnerlarymyza biziň Ukraina bilen Ýewropa assosiýamyzyň Orsýetiň bähbitlerine garşy däldigini ynandyrmaga çalyşýarys. Biz Ukraina babatda konfrontasiýa islemeýäris."

Ukrainanyň Nowoozernoede ýerleşýän harby-deňiz bazasynda hem dartgynlyklaryň ýokarlanýandygy habar berildi.

«Roýters» 100 çemesi ýaragly orsýetliniň bazadaky ukrainlere gözegçilik edýändiklerini aýdýar, ol ýerde rus gämisi ukrain gämileriniň geçelgesiniň öňüni böwetläp dur.

Wadim Filipenko, bazadaky ukrain komandiriniň orunbasary «orsýetliler azyk almaga gidemizde bize haýbat atýarlar we ýaraglaryny çeneýärler" diýdi.

Ukrainanyň iş başyndaky daşary işler ministri Andriý Deşçitsiýa şenbe güni Ukraina hiç wagt Krymdan geçmez diýdi we Kiýewiň bu krizisi parahatçylykly çözmek üçin elde baryny etjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG