Peýrous: 'Hytaýyň howpsuzlyk roly az bolar'

Hytaý we türkmen baýdaklary

Türkmenistan golaýda Hytaýa iberýän gazynyň mukdaryny 65 milliard kub metre çenli köpeltmek baradaky şertnama, şeýle-de «Galkynyş» gaz känini gurnamagyň Pekin tarapyndan maliýeleşdirilmegi bilen bagly ylalaşyga gol çekdi.

Synçylaryň käbiri Hytaýyň Merkezi Aziýada, hususan-da Türkmenistanda güýçlenýän täsiriniň gysga wagtlyk we uzak möhletli netijelerine howatyrly garaýar.

Azatlyk Radiosy türkmen-hytaý gatnaşyklary, bu gatnaşygyň Türkmenistanyň garaşsyzlygyna ýetirip biljek täsirleri barada pikirlerini paýlaşmagyny sorap, Merkezi Aziýanyň Hytaý meselesi, şol sanda Türkmenistan barada göwrümli ylmy işleriň awtory Sebastiýen Peýrous bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bilşimiz ýaly, 2014-nji ýylda amerikan ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Owganystandan çykýar we şondan soň bu ýurtdaky, şeýle-de Merkezi Aziýa sebitindäki howpsuzlyk ýagdaýynyň nähili boljagy hiç kime belli däl. Bu ýerde Hytaý üçin nähili mümkinçilik bar? Soňky onýyllykda Orsýetiň hem bu sebitdäki kuwwaty kemeldi we bu ýerde dörän boşlugy Hytaý dolduryp bilermi? Siziňçe, 2014-nji ýyldan soň Hytaýyň Merkezi Aziýa sebitindäki roly nähili ýaýbaňlanar?

Sebastiýen Peýrous

Sebastiýen Peýrous: Meniň pikirimçe, Hytaý Merkezi Aziýada, başga maksatlary bilen bilelikde, bu ýurtlary ykdysady taýdan ösdürmäge çalyşýar. Ýagny biz Hytaýyň indi köp ýyl bäri infrastruktura, nebit we gaz ýataklarynyň ýerleşýän ýerlerine köp maýa ýatyrýandygyny bilýäris. Umuman, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adamlary käte Hytaý bilen bu meselede bäsleşmegiň aňsat däldigini aýdyp zeýrenýän hem bolsalar, Pekin bu sebitde söwdany hem ösdürmäge çalyşýar.

Umuman aýdylanda bolsa, meniň pikirimçe, Hytaý şu günki gün we, hususan-da 2014-nji ýyldan soň, Owganystandaky ýagdaý ýaramazlaşsa, Merkezi Aziýanyň durnuklylygynyň bozulyp biljeginden biraz alada galýana çalym edýär. Onsoň bu ýerde Hytaýyň bu ýurtlarda ösüşiň bolmagyna hakykatdanam kömek etmek isleýändigini aýtsa bolar.

Azatlyk Radiosy: Siziňçe, Hytaý bu sebitde howpsuzlygyň üpjün edilmegini kepillendirip bilermi? Sebäbi biz Hytaýyň bu sebitde, hususan-da Türkmenistanda uly maýa ýatyrandygyny bilýäris we bu ýerdäki howpsuzlyk Hytaýyň hem göni bähbidine bolup durýar.

Sebastiýen Peýrous: Howpsuzlyk meselesi barada aýdylanda, Pekiniň nämeleri aýdýandygyna garamazdan, meniň pikirimçe, Hytaýyň uly bir roly ýok. Mysal üçin, Hytaý Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde edip boljak ýa edilmeli hyzmatdaşlyk barada kän gürrüň edýär.

"Galkynyş" gaz ýatagynyň açylyş dabarasy, 4-nji sentýabr, 2013.


Emma men, birinjiden, bu ýerde syýasat bilen ilteşikli köp adam bilen söhbetdeş boldum. Ol adamlaryň köpüsi Merkezi Aziýada howpsuzlyk meselesinde Hytaý bilen hyzmatdaşlyk edilmegine göwünjeň garamaýar. Ýagny ol ýerde hytaýly esgerleriň öz territoriýalaryna girenini görmek isleýän adam gaty az. Adamlar ol ýerde Hytaý tarapyndan däl-de, Orsýet tarapyndan goralmaklary, şonda has gowy goragly boljaklary barada pikir edýärler.

Ýagny olar Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan goralanlaryndan Kollektiw howpsuzlyk şertnamasyna girýän güýçler tarapyndan goralmaklaryny has gowy görýärler. Umuman aýdylanda, elbetde, Hytaý howpsuzlyk ýagdaýlaryny göz astynda saklar, emma men Hytaýyň esasy maksady howpsuzlygy üpjün etmek bolar diýip pikir edemok. Bu meselede hytaý hökümetinden ýa ilatyndan köp zada garaşyp bolmazmyka öýdýärin.

Meniň diýjek bolýan zadym, ol ýerde Hytaýyň barha çuň ornaşýandygynyň alamatlary görünýär we hut şu ýagdaý hem köp adamyň Hytaýyň Merkezi Aziýadaky täsiriniň barha güýçlenmek howpundan alada-howatyr etmegine getirýär. Bu hususan-da howpsuzlyk meselesi barada aýdylanda şeýle. Onsoň men Hytaýyň Merkezi Aziýada howpsuzlyk meselesinde suwytly rol oýnajagyna hakykatdanam şübheli garaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Siz Hytaýyň Merkezi Aziýadaky täsiriniň güýçlenýändigini we munuň sebite belli bir derejede howp bolup görünýändigini ýaňzytdyňyz. Bilşimiz ýaly, Hytaýyň prezidenti Si Jinpiň geçen hepde Türkmenistana sapar edip, türkmen kärdeşi bilen türkmen-hytaý gaz geçirijisiniň dördünji tapgyry barada ylalaşyga geldi. Bu ylalaşyk her ýyl Hytaýa 65 milliard kub metre çenli gaz ibermäge mümkinçilik berer. Siziňçe, bu Türkmenistana ýakyn geljekde we uzagyndan nähili bähbit getirer? Siz Türkmenistanyň gaz eksporty babatda Hytaýa barha köp garaşly bolmagyna nähili garaýarsyňyz?

Sebastiýen Peýrous: Meniň pikirimçe, bu ýerde bellemeli gowy zat, Türkmenistanyň öz gazyny köp mukdarda eksport edip bilmek mümkinçiligine eýe bolmagy, ýagny harydyna alyjy tapmagy. Hytaýyň alan gazynyň bahasyny töläp biljegi, ýagny Türkmenistana onuň puluny berip biljegi belli zat.

Ýöne bu ýerde problema Türkmenistanyň Hytaýa barha köp garaşly bolýandygy, onuň ýurt içindäki täsirini barha we barha artdyrýandygy bilen bagly. Ikinji bir mesele bolsa, Türkmenistandaky häzirki gaz önümçiliginiň ýagdaýy bilen, Türkmenistanyň Eýran, Orsýet we beýlekiler bilen baglaşan gaz şertnamalarynyň talap edýän gazyny ýetişdirmek kynrak düşer.

Has anygy, Türkmenistan bu ýurtlaryň hemmesi üçin, öz gol çeken şertnamalaryna ýeterlik derejede gaz öndürmäge ukyply däl. Onsoň bu ýerde hakykatdanam töwekgellik bar. Birinjiden, Hytaýa söwda, syýasy täsir meselesinde aşa garaşly bolmak töwekgelligi bar. Sebäbi Türkmenistan Hytaýa wada beren gyzyny, diňe Hytaýa hem däl, beýleki ýurtlar bilen baglaşan kontraktlarynda wada berlen gazy öndürip bilmese, bu töwekgellik ulalar.

Azatlyk Radiosy: Siz “Türkmenistanyň Hytaýa garaşlylygy” diýen aňlatmany birnäçe gezek agzadyňyz. Eger has anyklaşdyrsaňyz, bu garaşlylyga durmuşda, praktikada nähili düşünmeli? Biz Moskwa garaşly bolmagyň durmuş ýüzünde nämedigini gowy bilýäris. Eýsem Pekine aşa garaşly bolmak diýmek näme? Onuň praktiki manysy näme?

Sebastiýen Peýrous: Men bu, mysal üçin, Türkmenistanyň daşary syýasatyna has kän basyş bolup biler diýip pikir edýärin. Aýdaly, eger-de Aşgabat has Günbatar oriýetnasiýaly daşary syýasat alyp barsa, Hytaýyň Türkmenistany tankytlamaga, käbir derejede oňa haýbat atmaga mümkinçiligi bolar. Men bu esasy meseleleriň biri diýip hasaplaýaryn.

Elbetde, ýene bir töwekgellik bolsa, Türkmenistan Hytaýa aşa garaşly bolsa, Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryny deňagramlaşdyrmagy kyn düşer. Aýratynam Orsýet bilen gatnaşyklary deňargamly saklamak kyn bolar. Sebäbi biz Orsýet bilen Hytaýyň arasynda türkmen gazy üstünde ullakan basdaşlyk bardygyny bilýäris.

Onsoň Hytaý Türkmenistana onuň Orsýete köp gaz satmazlygy we Hytaýa has kän gaz bermegi üçin has köp basyş eder. Men bu hem ykdysady, hem syýasy basyş bolar diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Siz bu sebitdäki ýene bir esasy oýunçyny, Orsýeti agzadyňyz. Belleýşiňiz ýaly, Moskwa bilen Pekiniň arasynda öňdenem basdaşlyk bar. Eger bäş-on ýyl öňe nazar salsak, bu basdaşlyk nähili ýagdaýa baryp ýeter, onuň nähili netiri bolar öýdýärsiňiz?

Sebastiýen Peýrous: Meniň pikirimçe, basdaşlyk, özara ýaryş şu wagta çenli esasan ykdysady derejede boldy, ýagny ozalam aýdyşym ýaly, gaz üstünde boldy. Meniňçe, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň beýleki respublikalaryndan biraz başgaça, ýagny bu ýurduň, bilşimiz ýaly, hemişelik bitaraplyk durumy bar we ol daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga azrak açyk.

Beýleki ýurtlar barada aýdylanda, Orsýetiň Merkezi Aziýada howpsuzlygy kepillendirmek, bolmanda bölekleýin üjün etmek mümkinçiligi bar, Hytaýyň bolsa ykdysady täsiri uly. Men Türkmenistanda Hytaýyň we Orsýetiň roly has köp söwda we ykdysady gatanşyklara ýykgyn eder diýip oýlanýaryn.

Eger hatda Türkmenistan howpsuzlyk problemalary bilen ýüzbe-ýüz hem bolsa, Orsýet ol ýerde ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna ýol bermez. Hiç kim bu sebitdäki ýurtlaryň birinde ýene bir durnuksyzylygyň bolanyny görmek islemeýär. Şol bir wagtda Türkmenistan ýaly nebit-gaza baý ýurtda durnuksyzlygyň bolmagy asla islenmeýär.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistan Hytaýa aşa garaşly bolsa, Aşgabadyň deňagramly daşary syýasat alyp barmagy kyn düşer diýdiňiz. Siziňçe, Aşgabat Hytaýa azrak garaşly bolmak üçin, ýagny bir tarapa aşa bagly bolman, öz aýagynyň özi durup bilmek üçin iş ýüzünde näme etmeli ýa nämeler edip biler?

Sebastiýen Peýrous: Eger biz Türkmenistanyň esasy serişdesi gaz diýip pikir etsek, ýagny ony bu ýurduň býujetiniň esasy maliýe çeşmesi hasaplasak, Türkmenistanyň Hytaý bilen gol çeken şertanmasy barada oýlanamyzda, bu Türkmenistan üçin barha we barha kyn bolar. Bu ýerde görnetin başga-da partnerlar bolup biler. Birinjiden “Nabukka”, emma “Nabukka” ilerläbermeýär we bu proekt barada bir topar şübhe bar.

Emma Türkmenistan gaz meselesinde, aýdaly, Eýran bilen has köp hyzmatdaşlyk edip biler. Ýöne Birleşen Ştatlaryň basyşyny nazara alsaň, Eýran bilen hyzmatdyşlyk etmek hem beýle aňsat däl. Hatda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk durumy bar, şu sebäpden ol Eýran bilen-de, sebitdäki beýleki ýurtlar bilen-de has erkin gatnaşyk edip biler diýemizde hem, her nähilem bolsa, bu beýle aňsat iş däl.

Ikinji bir tarapdan bolsa, Türkmenistan TOPH proektine, ýagny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisine hem has köp bil baglap biler. Emma bu ýerde-de kynçylyk ýetik, şu wagta çenli bu proektiň nähili amala aşyryljagy belli bolman dur. Birinjiden, bu proekti kim we nähili ýagdaýda maliýeleşdirjek, ikinjiden, bu geçirijiniň guruljak ýerlerinde, Owganystanda howpsuzlyk meselesi nähili boljak?

Eger gelýän ýyllarda Owganystandaky ýagdaý bulaşsa, bu hili aşa gymmat proekt üçin örän uly töwekgellik bolar. Ondan ötri, gelýän ýyllarda, Hytaýyň häzir Türkmenistan bilen baglaşan gaz şertnamasy bilen bagylylykda, bolmanda siziň gazyňyz babatda, Hytaýyň güýçli ykdysady täsiri saklanyp galar.