Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary ösdürýär


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdymuhamedow (s) we Hytaýyň prezidenti Si Jinping (s), Aşgabat, 2013-nji ýylyň 3-nji sentýabry.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdymuhamedow (s) we Hytaýyň prezidenti Si Jinping (s), Aşgabat, 2013-nji ýylyň 3-nji sentýabry.

Hytaýyň prezidenti Si Jinpingiň Merkezi Aziýa edýän sapary NATO-nyň Owganystandan halkara goşunlaryny çykarmaga taýýarlyk görýän döwrüne we Orsýetiň Merkezi Aziýanyň nebit-gaz tranzitine gözegçiliginiň daşyndaky diskussiýalaryň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Hytaýyň prezidenti Si Jinping şu aýda postsowet regionynyň bäş döwletine sapar edip, Pekiniň regional goňşulary bilen ykdysady we syýasy gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýar.

Si Jining şu ýylyň mart aýynda Hytaýyň prezidenti wezipesine geçeli bäri Merkezi Aziýa ilkinji gezek sapar edýär. Ol Türkmenistana, Gazagystana, Özbegistana we Gyrgyzystana geçirýän saparlary bilen bir wagtda hepdäniň aýagynda Sankt-Peterburgda boljak “Uly 20-lik” guramasynyň sammitine hem gatnaşar.

Si Jinping Merkezi Aziýa saparyny Gyrgyzystanda jemläp, 13-nji sentýabrda Bişkekde geçiriljek “Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň” sammitine gatnaşar. Bu gurama Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Hytaý we Orsýet girýär.

Georgetown Uniwersitetiniň daşary gatnaşyklar boýunça mekdebiniň Hytaý boýunça bilermeni professor James Reardon-Andersonyň pikirine görä, Hytaýyň lideriniň Merkezi Aziýa saparynyň gün tertibi Hytaý üçin bu regionyň strategiýa taýdan ähmiýetiniň barha güýçlenýändigini görkezýär.

James Reardon-Anderson Hytaýyň lideriniň bir wagtda Merkezi Aziýanyň dört döwletine sapar etmeginiň öň bolmadyk ýagdaýdygyny bellemek bilen, munuň Hytaý üçin regionyň ähmiýetini ýene bir gezek nygtaýandygyny belledi.

Energiýa söwdasy

Si Jinpingiň Türkmenistanda baglaşan gaz ylalaşygy Pekiniň Merkezi Aziýa regionyndan alýan energiýa serişdeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek isleýändigini görkezýär.

Türkmenistan bilen ylalaşykda Hytaýa akdyrylýan türkmen gazynyň möçberini 2020-nji ýyla çenli 65 milliard kubometre çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Si Jinping Aşgabatda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Hytaýyň Türkmenistan bilen alyp barýan energiýa hyzmatdaşlygynyň energiýa ugrundan global derejede hyzmatdaşlyk üçin nusga bolup biljekdigini belledi.

Nebit üpjünçiliginiň howpsuzlygyny berjaý etmek meselesi Hytaýyň lideriniň 6-8-nji sentýabrda Gazagystana etjek saparynyň gün tertibinde hem bar.

Gazagystan Merkezi Aziýada iň iri nebit eksportýorydyr. Orsýet Gazagystanyň nebit eksportynyň uly bölegini öz gözegçiliginde saklamakçy bolýar. Hytaý bolsa Gazagystanyň nebitine hyrydarlykda Orsýet bilen bäsdeşlige ymtylýar.

Regional hyzmatdaşlyk

Moskwa öz strategiýasynyň çäginde ähli postsowet döwletlerini Belarusdyr Gazagystan bilen bilelikde döreden gümrük bileleşigine çekmäge synanyşýar.

Ýewropa Bileleşigine meňzeş “Ýewraziýa Bileleşigi” atly ykdysady topary döretmek arkaly Moskwa Gazagystanyň Ýewropa Bileleşigi bilen nebit söwdasyna gözegçilik etmegi we bu söwda üçin öz turbalarynyň ulanylmagyny isleýär.

Emma Orsýetiň Ukraina, Moldowa we Belarus bilen syýasylaşdyrylan söwda dawalary bu ugurda Kremliň strategiýasynyň öňüne böwet boldy.

Bu dawalar Hytaýyň Almaty bilen geleşiklerine ýol açýar diýip, Reardon-Anderson belleýär. Emma bilermeniň sözlerine görä, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýurtlaryň özara bäsdeşligini öz bähbidi üçin netijeli ulanmagy başaryp gelýär, netijede Gazagystanyň nebtiniň söwdasy we bahasy baradaky gepleşikler üç taraplaýyn häsiýete eýe bolýar.

Howpsuzlyk meselesi

Merkezi Aziýanyň Hytaý bilen energiýa söwdasy Pekiniň gündogaryndaky geosyýasy dawalaryna hem täsr ýetirip biler.

Hytaý Merkezi Aziýadan ýangyç satyn almak bilen ýurduň Gündogar Afrikanyň we Pars aýlagynyň nebitine garaşlylygyny azaldyp biler. Bu ugurdan satyn alynýan nebit önümleri nebit daşaýjy gämiler bilen Hindi okeanynyň üstünden we Günorta Hytaý deňzi arkaly daşalýar.

Munuň üçin Hytaý Günorta Hytaý deňzinde gämi gatnawyny we harby flotuny güýçlendiripdi. Bu bolsa regional derejede dawa döredipdi. Hususan-da, Pekin Günorta Hytaý deňzinde ABŞ-nyň goşun ýerleşdirmegine garşy çykyş edýär.

Hytaýly analitikler Pekiniň Merkezi Aziýa bilen howpsuzlyk boýunça hem hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi isleýändigini aýdýarlar. 2014-nji ýylda NATO-nyň halkara goşunlary Owganystandan çykarylansoň, Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen separatizme, dini ekstremizme we terrorizme garşy göreşde has giň derejede hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik döreýär.
XS
SM
MD
LG