Hytaýyň Lideri Si Jinping 3-4-nji sentýabrda Türkmenistana sapar etdi. Aşgabatda geçirilen türkmen-hytaý gepleşikleriniň netijesinde birnäçe ylalaşyga gol çekildi. Taraplaryň arasynda Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň dördünji liniýasyny çekmek barada ylalaşyga gelindi.
Türkmenistan bilen Hytaýyň baştutanlarynyň arasynda 3-nji sentýabrda Aşgabatda gelnen ylalaşyk esasynda guruljak täze gazgeçiriji iki ýurduň arasynda 2009-njy ýylda işe girizilen “Türkmenistan-Hytaý” gazgeçirijisiniň dördünji liniýasydyr.
G.Berdimuhamedow gaz temasynyň türkmen-hytaý gepleşikleriniň gün tertibinde esasy mesele bolandygyny Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň “D” diýlip atlandyrylýan täze liniýasynyň gurluşygyna degişli takyk tekliplere garalandygyny aýtdy.
“D” liniýasy
Turbanyň dördünji liniýasynyň gurluşygy üçin gol çekilen şertnamalaryň arasynda “Türkmengaz döwlet konserni” “Hytaýyň döwlet ösüş banky” bilen “Galkynyş” gaz ýatagynyň özleşdirilmegini maliýeleşdirmek barada ylalaşyga gol çekdi, şeýle-de “Tükmengaz” “Hytaý milli nebit-gaz korporasiýasy” bilen ýylda goşmaça 25 milliard kubometr gaz satmak barada ylalaşyga gol çekdi.
Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň dördünji liniýasy Turkmenistandan Hytaýa akdyrylýan gazyň mukdaryny ýylda 65 milliard kubometre ýetirmäge mümkinçilik berýär.
2009-njy ýylda işe girizilen “Türkmenistan-Hytaý” gazgeçirijisiniň Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden geçýän ozalky liniýalaryndan tapawutlylykda täze liniýasy Täjigistanyň üstünden geçer.
Gaz söwdasy
Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky bu gazgeçirijiniň gurluşygy barada 2006-njy ýylda gelnen ylalaşykda bu turba arkaly ýylda 40 milliard kubometr gazy akdyrmak göz öňünde tutulýardy, 2011-nji ýylda taraplar goşmaça 25 milliard kubometr gazy akdyrmak barada ylalaşyga gol çekipdiler.
Käbir maglumatlarda “Türkmenistan-Hytaý” gazgeçirijisiniň umumy bahasynyň 6,5 milliard dollar möçberinde diýlip kesgitlenýändigi aýdylýar.
Aşgabatdaky gepleşiklerde Türkmenistan bilen Hytaýyň liderleri ýurtlaryň arasynda energiýa ugrundan strategik partnýorlyk barada deklarasiýa gol çekdiler. Si Jinping gepleşiklerden kanagatlanma bildirdi.
Türkmenistan Hytaýyň gaz söwdasy boýunça esasy partnýorydyr. “British Petroleum” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, türkmen gazy Hytaýyň gaz importynyň 51% emele getirýär.
Hytaýyň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň mukdary we onuň bahasy barada takyk sanlar berilmeýär.
Energiýadan başga ugurlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçiren gepleşiklerinde taraplaryň energetika degişli bolmadyk ugurlardan hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada-da ylalaşandyklary barada hem habar berildi. Hususan-da, infrastruktura gurluşygy, oba hojalygy, telekommunikasiýa, elektroenergetika, saglygy saklaýyş, ösen tehnologiýalar we gumanitar ugurlar agzalyp geçildi.
Häzirki wagtda Hytaýyň okuw jaýlarynda 1 100 türkmenistanly ýaşlaryň bilim alýandyklary barada habar berildi.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda haryt dolanyşygynyň öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetendigi mälim edildi. Resmi maglumatlara görä, geçen ýylda ýurtlaryň özara haryt dolanyşygy 9 milliard dollara golaý bolupdyr, şu ýylyň başyndan bäri 4,5 milliard dollara ýetipdir.
Şeýle-de türkmen-hytaý gepleşikleriniň çäginde ýurtlaryň ekstremizme we separatizme garşy bile göreşmek, howpsuzlyk gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada hem ylalaşandyklary barada habar berildi.
Türkmenistan bilen Hytaý 1991-nji ýyldan bäri diplomatik gatnaşyklaryny saklaýarlar.
Si Jinpingiň 3-4-nji sentýabrda Aşgabada eden sapary onuň Hytaýyň döwlet baştutany wezipesinde Türkmenistana ilkinji saparydyr.